47 ýyldan soň 2-nji çempionlyk

Tennis boýunça milli ýygyndylaryň (erkekler) arasynda geçirilýän Dewis Kubogy ýaryşynda Italiýanyň ýygyndysy çempion boldy.Ispaniýanyň Malaga şäherinde geçirilen ýaryşyň final tapgyrynda italýanlar çärýek finalda Niderlandlardan, ýarym finalda-da serblerden 2:1 hasaplar bilen üstün çykdy.

Finalda Awstraliýanyň ýygyndysyny-da 2-0 ýeňen italýanlar 47 ýyldan soň 2-nji gezek Dewis Kubogyny gazanmagy başardy.Finalyň 1-nji duşuşygynda Matteo Arnaldi Alekseý Popirini 2:1 (7:5, 2:6, 6:4), 2-nji duşuşygynda-da Ýannik Sinner Aleks de Minaury 2:0 (6:3, 6:0) hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Bu 2 ýeňişden soň jübütleýin duşuşygyň geçirilmeginiň hökmançylygy hem galmady. Şunlukda, Ýannik Sinner, Lorenzo Musetti, Lorenzo Sonego, Matteo Arnaldi hem-de Simone Bolelli dagydan düzülen Italiýanyň ýygyndysy taryhyndaky 2-nji Dewis Kubogyny asmana göterdi.

Italiýanyň ýygyndysy mundan öň diňe 1975-nji ýylda çempion bolupdy. Olar şonda şol wagtky Çehoslowakiýany ýeňipdi. Italiýanyň ýygyndysy Dewis Kubogyny 2 gezek gazanan 11-nji ýurt hökmünde hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Zenanlardan soň erkekleriň arasynda-da Italiýa ýeňiş gazandy
Meşhur futbolçynyň ogly ilkinji gezek milli ýygynda çagyryldy
Soňky 53 ýylda ilkinji gezek
Mançini Italiýanyň ýygyndysynyň düzümini mälim etdi
Türkmenistanyň alpinistleri Manaslu depesinde Döwlet baýdagyny dikdiler
ABŞ Eýranda Guralan Hüjümler Bilen Arabaglanşygynyň Ýokdugyny Beýan Etdi