Soňky 53 ýylda ilkinji gezek

Tennis boýunça erkekleriň arasyndaky milli ýygyndylaryň ýaryşy bolan Dewis Kubogynda ýene-de çempion üýtgemedi. Italiýanyň Bolonýa şäherinde geçirilen final tapgyrynda Italiýanyň ýygyndysy bassyr 3-nji gezek çempionlyk gazandy.

Matteo Berrettini, Flawio Kobolli, Simone Bolelli hem-de Andrea Wawassoriden düzülen Italiýanyň ýygyndysy finalda Ispaniýanyň ýygyndysy bilen duşuşdy. Ýekeleýin duşuşyklarda Matteo Berrettini ispaniýaly Pablo Karrenýo Bustany 6:3 we 6:4 hasaplar bilen ýeňdi.

Flawio Kobolli bolsa Haume Munary 1-nji setde utulandygyna garamazdan (6:1), 2-3-nji setlerde taý-bregiň netijesinde, 7:6 we 7:5 hasaplar esasynda üstün çykmagy başardy. Şunlukda, umumy hasap 2-0 bolup, jübütleýin duşuşygyň zerurlygy galmady we Italiýanyň ýygyndysy yzly-yzyna 3-nji gezek Dewis Kubogyny eýelemegi başardy.

Italiýanyň ýygyndysy soňky 53 ýylda bu kubogy yzly-yzyna 3 gezek eýelän ilkinji ýygyndy boldy.Soňky gezek 1970-71-72-nji ýyllarda ABŞ-nyň ýygyndysy bassyr 3 gezek çempionlyk gazanypdy.

Bu çempionlyk Italiýanyň umumylykda 4-nji ýeňşi bolup, olar ilkinji gezek 1976-njy ýylda kubogy eýeläpdiler.Italiýanyň ýygyndysy 6 gezegem finalda ýeňlişe sezewar boldy.

Italiýanyň tennis ýygyndysy hem zenanlarda, hem-de erkekleriň arasynda 2024-nji we 2025-nji ýyllarda çempionlyk gazanyp, taryhy başarnyk görkezdi.

6 çempionlygy bolan Ispaniýanyň ýygyndysy 5-nji gezek finalda utuldy.

Ýene degişli makalalar

Zenanlardan soň erkekleriň arasynda-da Italiýa ýeňiş gazandy
47 ýyldan soň 2-nji çempionlyk
Italiýada wise-premýeriň öýüne ogrylar girdi
Türkmenistan we Italýa ulag pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça gepleşikleri geçirdiler
Ýewropanyň iň gowulary saýlanar
Raşid Meredow ÝHHG-niň Demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça edarasynyň direktory bilen duşuşdy