Ýewro-2020-niň iň owadan goly saýlandy

Ýewro-2020-niň iň owadan goly saýlandy

UEFA-nyň web sahypasynda futbol boýunça Ýewro-2020 ýaryşynyň iň gowy goly üçin janköýerleriň ses berlişigi tamamlandy. Tomaşaçylar çehiýaly hüjümçi Patrik Şikiň "D" toparçanyň oýnunda Şotlandiýa (2:0) garşy geçiren goluny ýaryşyň iň owadan goly diýip saýladylar. Bu barada sport-express.ru habar berdi.

Şotlandlar bilen oýunda 25 ýaşly Şik garşydaşyň derwezesine meýdançanyň merkezinden gol geçirmegi başardy. Ýaryşyň iň owadan goly diýen ada Kewin De Bruýnyň (Belgiýa) - Daniýanyň, Pol Pogbanyň (Fransiýa) - Şweýsariýanyň, Mikkel Damsgoryň (Daniýa) - Angliýanyň, Alwaro Moratanyň (Ispaniýa) - Italiýanyň, Federiko Kiezanyň (Italiýa) - Ispaniýanyň, Andriý Ýarmolenkonyň (Ukraina) - Niderlandlaryň, Luka Modriçiň (Horwatiýa) - Şotlandiýanyň, Lorenzo Insinýeniň ( Italiýa) - Belgiýanyň, Kriştianu Ronaldunyň (Portugaliýa) - Wengriýanyň derwezesine geçiren gollary dalaşgärlik etdi. Ýewro-2020 ýaryşy 11-nji iýulda tamamlandy.

Finalda Italiýanyň milli ýygyndysy Angliýany penaltiler seriýasynda ýeňdi (1:1, 3:2).

Ýene degişli makalalar

Çempionatyň goly saýlandy
Italiýanyň Super Kubogyny “Ýuwentus” eýeledi, Ronaldo taryhyň iň köp gol geçiren futbolçysy
PSŽ, “Bawariýa”, “Mançester Siti” säwliksiz barýar
Finalda “El Klasiko” däl, “Madrid” derbisi
“Napoli” bilen “Ýuwentus” ýarym finalda
Mançini Italiýanyň ýygyndysynyň düzümini mälim etdi