Çempionatyň goly saýlandy

UEFA-nyň tehniki synçylary çehiýaly Patrik Şikiň Şotlandiýanyň derwezesinden 45,5 metr uzaklykdan geçiren goluny 16-njy Ýewropa çempionatynyň goly (Goal of the Tournament) diýlip yglan edildi.

Bu gol çempionatyň taryhynda iň daşdan geçirilen gol bolupdy.Gol 24 sagadyň dowamynda 800 müňden gowrak ses beren janköýerleriň-de köpüsiniň sesini almagy başardy.

Bu ugurda fransiýaly Pol Pogbanyň 1/8 finalda Şweýsariýanyň derwezesinden geçiren aýlawly goly 2-nji, horwatiýaly Luka Modriçiň şotlandlaryň derwezesinden geçiren goly-da 3-nji ýeri eýeledi.

Lorenzo Insinýeniň Belgiýanyň, belgiýaly Kewin D Bruýneniň Daniýanyň, portugaliýaly Kristiano Ronaldonyň Wengriýanyň, ispaniýaly Alwaro Moratanyň Italiýanyň, daniýaly Mikkel Damsgoryň Angliýanyň, ukrainaly Andreý Ýarmolenkonyň Niderlandlaryň hem-de italiýaly Federiko Kiezanyň Ispaniýanyň derwezesinden geçiren gollary beýleki owadan gollar hökmünde hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Ýewro-2020-niň iň owadan goly saýlandy
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy dünýä metbugatynyň sahypalarynda
“Barselonanyň” stadionyna Messiniň ady dakylyp bilner
“Bawariýanyň” hüjümçisi Lewandowskiý 2020-nji ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi
Turkmenistan and the United Nations are committed to long-term cooperation
The ceremony of signing a joint program with the UN was held at the MFA of Turkmenistan