AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021-iň bije çekilişigi üçin sebetler düzüldi

AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021-iň bije çekilişigi üçin sebetler düzüldi

Aziýanyň Futbol konfederasiýasy AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021-iň 27-nji ýanwarda geçiriljek bije çekişligi üçin gatnaşjak toparlardan ybarat sebetleri yglan etdi. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, yklymyň birinji derejeli klublaýyn ýaryşy Gündogar we Günbatar zolakda geçiriler. Bu barada Istiklol futbol toparynyň resmi saýty habar berýär.

Yklym ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyry her birinde 4 topar bolan 10 toparçadan ybarat bolar. Günbatar zolagyň duşuşyklary merkezleşdirilen görnüşde 14 ― 30-njy aprel, gündogar zolagyňky bolsa 21-nji aprel ― 7-nji maý aralygynda geçiriler.

AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021-iň toparçalaýyn tapgyrynyň bije çekilişigi üçin sebetler:

Günbatar Zolak:

1-nji sebet: Al-Duhaýl (Katar), Al-Hilal (Saud Arabystany), Persepolis (Eýran), Şarja (BAE), Al-Sadd (Katar).

2-nji sebet: AlNasr (Saud Arabystany), Traktor (Eýran), Şabab Al-Ahli Dubaý (BAE), Al-Raýan (Katar), Al-Ahli Saudi (Saud Arabystany).

3-nji sebet: Pahtakor (Özbegistan), Al-Wehdat (Iordaniýa), Goa (Hindistan), Istiklol (Täjigistan), Esteglal (Eýran).

4-nji sebet: Al-Şorta (Yrak), Al-Garafa (Katar) ― AGMK (Özbegistan) jübütleriniň ýeňijisi, Al-Wehda (Saud Arabystany) ― Eýr Fors (Yrak) jübütleriniň ýeňijisi, Fulad (Eýran) ― Al-Aýn (BAE) jübütleriniň ýeňijisi, Al-Wahda (BAE) ― Al-Zawraa (Yrak) jübütleriniň ýeňijisi.

Gündogar zolak

1-nji sebet: Szýansu Sunin (Hytaý), Kawasaki Frontale (Ýaponiýa), Çonbuk Hýonde Motors (Ýaponiýa), BG Pathum Ýunaýted (Tailand), Şandun Lunýen (Hytaý).

2-nji sebet: Gamba Osaka (Ýaponiýa), Ulsan Hýonde (Koreýa Respublikasy), Taý Port (Tailand), Guançžou (Hytaý), Nagoýa Grampus (Ýaponiýa).

3-nji sebet: Ýunaýted Siti (Filippinler), Kitçi (Gonkong), Wiettel (Wýetnam), Johor Darul Tazim (Malaýziýa), Tampines Rowers (Singapur).

4-nji sebet: Sidneý (Awstraliýa), Beýszin (Hytaý) ― Brisben Roar (Awstraliýa) / Kaýa Iloilo jübütleriniň ýeňijisi, Sereso Osaka (Ýaponiýa) — Melburn Siti (Awstraliýa) / Şan Ýunaýted (Mýanma), Phohan Stilers (Koreýa Respublikasy) ― Ratçaburi (Tailand) jübütleriniň ýeňijisi, Tegu (Koreýa Respublikasy) ― Çiangraý Ýuaýted (Tailand) jübütleriniň ýeňijisi.

Ýene degişli makalalar

Ahalyň Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary 24-nji awgustda belli bolar
Ronaldunyň, Benzemanyň ýa-da Neýmaryň Türkmenistana gelmegi mümkin
“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder
Türkmenistanyň wise-çempiony Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder
Hytaýda emeli aň oba hojalygy ösdürmäge kömek edýär
Türkmen howa ýollary ýanwar aýy üçin Aşgabatdan halkara gatnawlarynyň petek satuwyny ýola goýdy, Russiýa Türkmenistana 3600 sany Täze ýyl arçasyny iberdi, Aşgabat Alyýewiň we Ärdoganyň saparlaryna taýýarlanýar