“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder

Aziýa yklymynyň iň uly klub ýaryşy AFK Çempionlar Ligasynda täze möwsümiň toparçalarynyň bijeleri çekildi. Geçeiriliş usuly az-owlak üýtgedilen ýaryşyň toparçalardaky oýunlary sentýabrda başlap, dekabr aýynda-da tamamlanar. Ýaryşyň çempiony geljek ýylyň maý aýynda belli bolar.

Ýurdumyzyň adyndan çempion “Ahal” topary hem ýaryşa bassyr 2-nji gezek wekilçilik eder. Ildeşlerimiz “A” toparça düşüp, “Ahalyň” bijesine Özbegistanyň “Pahtakor”, Saud Arabystanynyň “Al Faýha” hem-de BAE-niň “Al Ain” klublary çykdy.

Ýyldyzlaryň klublary başga toparça düşdi

Kristiano Ronaldonyň çykyş edýän “Al Nassr” topary-da “E” toparçada Eýranyň “Persepolis”, Kataryň “Al-Duhail” hem-de Täjigistanyň “Istiklol” toparlary bilen bije çekişdi.Neýmaryň çykyş edýän “Al Hilal” topary-da “D” toparçada Eýranyň “Nassaji”, Hindistanyň “Mumbaý Siti” hem-de Özbegistanyň “Nawbahor” klublary bilen duşuşar.

Karim Benzemanyň çykyş edýän “Al-Ittihad” topary-da “C” toparçada bolup, olar Eýranyň “Sepahan”, Yragyň “Al-Kuwa Al-Jawiýa” hem-de Özbegistanyň AGMK klublary bilen özara güýç synanyşarlar.

Ýaryş 2 zolakda geçirilip, Günbatar hem-de Gündogar sebitleriniň hersinde 5 toparça bolar we her toparçada 4, jemi ýaryşa 40 klub gatnaşýar.

Her toparçanyň ýeňijisi hem-de 2-nji ýeri eýelänleriň iň gowy 6-sy 1/8 finala çykar.

Günbatar zolagynyň toparçalarynda Saud Arabystanyndan, Özbegistandan 4, Eýrandan 3, Katardan, BAE-den 2, Türkmenistandan, Yrakdan, Täjigistandan, Hindistandan, Iordaniýadan 1 klub çykyş eder.

Gündogar sebitiniň toparçalarynda-da Günorta Koreýadan, Ýaponiýadan 4, Hytaýdan, Tailanddan 3, Gonkongdan, Awstraliýadan, Singapurdan, Malaýziýadan, Wýetnamdan hem-de Filippinlerden 1 topar çykyş eder.

Toparçalardaky oýunlar 1-nji duşuşyklar 19-20-njy sentýabrda, 2-nji duşuşyklar 3-4-nji oktýabrda, 3-nji duşuşyklar 24-25-nji oktýabrda, 4-nji duşuşyklar 7-8-nji noýabrda, 5-nji duşuşyklar 28-29-njy noýabrda hem-de 6-njy duşuşyklar 12-13-nji dekabrda geçiriler. 1/8 finalyň duşuşyklary 2024-nji ýylyň 13-14-nji hem-de 20-21-nji fewralynda, çärýek finalyň oýunlary 2024-nji ýylyň 5-6-njy hem-de 12-13-nji martynda, ýarym finalyň duşuşyklary-da 17-nji hem-de 24-nji aprelde oýnalar. Ýaryşyň çempionyny kesgitleýän final duşuşygy 2 ýerde finala çykan klublaryň hersiniň meýdançasynda oýnalyp, olaryň birinjisi geljek ýylyň 11-nji maýynda, jogap duşuşygy bolsa 18-nji maýda geçiriler.

Günbatar sebitiň toparçalary

“A”: “Pahtakor” (Özbegistan), “Al Faýha” (S. Arabystany), “Ahal” (Türkmenistan), “Al Ain” (BAE)

“B”: “Al Sadd” (Katar),“Nasaf Garşy” (Özbegistan), “Al-Faýsaly” (Iordaniýa), “Şarjah” (BAE)

“C”: “Al-Ittihad” (S. Arabystany), “Sepahan” (Eýran), “Al-Kuwa Al-Jawiýa” (Yrak), AGMK (Özbegistan)

“D”: “Al Hilal” (S. Arabystany), “Nassaji” (Eýran), “Mumbaý Siti” (Hindistan), “Nawbahor” (Özbegistan)

Gündogar sebitiň toparçalary

“E”: “Persepolis” (Eýran), “Al-Duhail” (Katar), “Istiklol” (Täjigistan), “Al Nassr” (S. Arabystany)

“F”: “Çonbuk Hýundai Motors” (G. Koreýa), “Bangkok Ýunaýted” (Tailand), “Lion Siti Seýlors” (Singapur), “Kitçi” (Gonkong)

“G”: “Ýokohama F. Marinos” (Ýaponiýa) “Şandun Taişan” (Hytaý), “Kaýa FK-Iloilo” (Filippinler), “Inçhon Ýunaýted” (G. Koreýa)

“H”: “Buriram Ýunaýted” (Tailand) “Wentforet Kofu” (Ýaponiýa), “Melburn Siti” (Awstraliýa), “Çžeszýan” (Hytaý)

“I”: “Ulsan Hýundai” (G. Koreýa), “Kawasaki Frontal” (Ýaponiýa), “Johor Darul Ta’zim” (Malaýziýa), “Bi Ji Pathum Ýunaýted” (Tailand)

“J”: “Uhan Tri Tawns” (Hytaý), “Phohan Stilers” (G. Koreýa), “Hanoi FK” (Wýetnam), “Urawa Red Daýmonds” (Ýaponiýa)

Ýene degişli makalalar

AFK Çempionlar Ligasynda “Al-Ain” bilen “Phohan Stilers” 1/8 finala çykan ilkinji klublar boldy
UEFA Çempionlar Ligasynyň iň köp gol geçiren oýunçysy Ronaldonyň AFK Çempionlar Ligasyndaky ilkinji goly
Ahalyň Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary 24-nji awgustda belli bolar
AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021-iň bije çekilişigi üçin sebetler düzüldi
Alaýyň sport direktory toparyň AFK-nyň kubogyndaky maksatlary barada aýtdy
“Altyn Asyr” hem-de “Ahal” toparlary AFK Kubogyndaky garşydaşlaryny bildiler