AFK Çempionlar Ligasynda “Al-Ain” bilen “Phohan Stilers” 1/8 finala çykan ilkinji klublar boldy

AFK Çempionlar Ligasynda toparçalardaky 4-nji duşuşyklar geçirilip, 2 klub 1/8 finalyna çykmaga hukuk gazandy.AFK Çempionlar Ligasynda her toparçadan 1-nji orny eýelänler bilen 2-nji ýeri alanlaryň iň gowy 6-sy ýaryşy (her sebitden 3-si) dowam etdirer. Ýagny 2-nji ýeri eýelänleriň 3-si Gündogar sebitindäki “A”, “B”, “C”, “D”, “E” toparçalardan, galan 3-si bolsa Günbatar sebitindäki “F”, “G”, “H”, “I”, “J”, toparçalardan 1/8 finala çykarlar.

“A” toparçada ýurdumyzyň adyndan wekilçilik edýän “Ahal” topary Aşgabatda Özbegistanyň “Pahtakor” topary bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýun 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy. 81-nji minutda minutda Alibek Abdyrahmanowyň goly bilen öňe geçen ildeşlerimiziň derwezesinden hasaby deňlän goly 90+5-nji minutda Hojimat Erkinow geçirdi.

Toparçadaky beýleki duşuşykda BAE-niň “Al-Ain” topary myhmançylykda Saud Arabystanynyň “Al-Feýha” toparyny Labanyň (29, 40) hem-de Rahiminiň (64) gollary bilen 3-2 hasabynda ýeňdi.Bu ýeňişden soň utugyny 12-ä çykaran “Al-Ain” topary 1/8 finala çykan ilkinji topar boldy.

“C” toparçada Eýranyň “Sepahan” topary öz meýdançasynda Özbegistanyň AGMK toparyny 9-0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykda Hosseinnejad bilen Alekasir 2 gol geçirdi. Myhmançylykda Yragyň “Al-Kuwa Al-Jawiýa” toparyndan 2-0 asgyn gelen Saud Arabystanynyň “Al-Ittihad” topary portugaliýaly tälimçisi Nunu Espiritony wezipesinden boşatdy. Toparçada “Al-Ittihad” 9 utuk bilen 1-nji orunda barýar.

“D” toparçada “Al Hilal” (S.Arabystany) bilen “Nawbahor” (Özbegistan) degişlilikde, Hindistanyň “Mumbaý Siti” toparyny (2-0) hem-de Eýranyň “Nassaji Mazandaran” (3-1) toparyny myhmançylykda-da ýeňmegi başardylar. “E” toparçada Ronaldonyň çykyş etmedik duşuşygynda “Al Nassr” myhmançylykda Kataryň “Al-Duhail” toparyny 3-2 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Duşuşykdaky gollary braziliýaly 2 futbolçy geçirip, “Al Nassryň” adyndan Talişka (27, 37, 65), ýer eýeleri “Al-Duhailiň” adyndanam Koutinio (8, 80 p) tapawutlandy. “Istiklol” bilen “Persepolis” toparlary-da utuklary paýlaşdylar (1-1).

“I” toparçada Ýaponiýanyň “Kawasaki Frontal” topary öz meýdançasynda Tailandyň “PG Pathum Ýunaýted” toparyny 4-2 ýeňip, utugyny 12-ä çykardy.Olara toparçada 1-nji orny eýelemek üçin 1 utuk ýeterlik bolar. “J” toparçada ýeňlişsiz barýan “Phohan Stilers” öz meýdançasynda Ýaponiýanyň “Urawa Red Daýmonds” klubundan Zeka hem-de Kim In-Sunuň gollary bilen 2-1 üstün çykyp, utugyny 12-ä ýetirdi. Şunlukda, “Phohan Stilers” 1/8 finala adyny ýazdyran 2-nji klub boldy. Şeýle-de, “F” toparçada “Bangkok Ýunaýtediň” 1/8 finala çykmagyna bir ädim galdy.

Ýene degişli makalalar

“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder
Saud Arabystanynyň 4 kluby hem 1/8 finala çykdy
Ahalyň Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary 24-nji awgustda belli bolar
“Altyn asyr” bilen “Dordoý” iň köp oýunçy iberen klublar
Depen topy gol bolýan hüjümçi Harri Keýn (makala)
Arkadagyň säheri atly halkara kinofestiwalda türkmen filmi birinji orny eýeledi, Türkmenistanyň raýatlary üçin Russiýa Federasiýasynda mugt bilim almak boýunça arzalary kabul etmegiň möhleti uzaldyldy we beýleki habarlar