Saud Arabystanynyň 4 kluby hem 1/8 finala çykdy

AFK Çempionlar Ligasynda Günbatar zolagynyň toparçalardaky duşuşyklary tamamlanyp, 1/8 finala çykan klublar belli boldy.

“A” toparçada “Pahtakory” myhmançylykda 4-1 hasabynda ýeňen “Al Feýha” topary 2-nji ýeri eýelemegi başardy. Duşuşykda Sakala (2), Mandaş hem-de Onýekuru arap klubuna ýeňiş getiren gollary geçirdi. “Ahal” bilen toparçanyň lideri “Al-Ain” toparynyň arasyndaky oýunda myhmanlar 2-1 (Rahimi 13 p, Atzili 32 p Tagaýew 35) hasabynda üstün çykdy.

“B” toparçada “Nasaf” myhmançylykda “Al-Sadd” bilen 2-2 hasabynda deňme-deň oýnady. 11 utuk toplan “Nasaf” 1-nji ýeri eýeledi. Kataryň wekili “Al Sadd” toparyna toplan 8 utugy 1/8 finala çykmak üçin ýeterlik bolmady.

“C” toparçada 1/8 finala çykandygy ozal belli bolan “Al-Ittihad” öz meýdançasynda 10 utukly “Sepahan” toparyny 2-1 hasabynda utdy. Bu netijeden soň iki klub hem ýaryşy dowam etdirerler.

“D” toparçada “Al Hilal” öz meýdançasynda Eýranyň “Nassaji Mazandaran” toparyny 2-1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Edil şol hasap bilen myhmançylykda “Mumbai Sitini” Iskanderow hem-de Dokiçiň gollary esasynda ýeňen Özbegistanyň “Nawbahor” topary 1/8 finalda oýnamaga hukuk gazandy.

“E” toparçada esasy “Al Nassr” myhmançylykda Täjigistanyň “Istiklol” topary bilen 1-1 hasabynda deňme-deň oýnap, utuklary paýlaşdylar. Duşuşykda arap klubunyň esasy ýyldyzlary meýdança çykmady. Öz meýdançasynda “Al-Duhailden” 2-1 hasabynda asgyn gelen “Persepolis” üçin bäsleşik wagtyndan ir tamamlandy.

Şunlukda, “A” toparçadan “Al-Ain” (BAE), “Al Feýha” (S.Arabystany), “B” toparçadan “Nasaf” (Özbegistan), “C” toparçadan “Al-Ittihad” (S.Arabystany), “Sepahan” (Eýran), “D” toparçadan “Al Hilal” (S.

Arabystany), “Nawbahor” (Özbegistan) hem-de “E” toparçadan “Al Nassr” (S.Arabystany) jemi 8 klub 1/8 finala çykmagy başardy.Saud Arabystanynyň 4 klubunyň hem 1/8 finala çykmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şeýle-de 2 özbek kluby, BAE bilen Eýranyň hem hersinden 1 klub ýaryşy dowam etdirer.

Gündogar zolagyň toparçalardaky 6-njy duşuşyklary geljek hepdede geçiriler we 1/8 finalyň beýleki 5 klubunyň ählisi hem şol oýunlardan soň belli bolar. AFK Çempionlar Ligasynda 1/8 finalyň bijeleri 28-nji dekabrda çekiler. Duşuşyklar bolsa geljek ýylyň fewral aýynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Serdar Azmun Türkmenistana garşy oýna gatnaşmak üçin Eýranyň ýygyndysyna çagyryldy
“Ahal” AFK Çempionlar Ligasyna ýeňiş bilen başlady
AFK Çempionlar Ligasynda “Al-Ain” bilen “Phohan Stilers” 1/8 finala çykan ilkinji klublar boldy
“Altyn asyr” bilen “Dordoý” iň köp oýunçy iberen klublar
Ahalyň Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary 24-nji awgustda belli bolar
Ronaldunyň, Benzemanyň ýa-da Neýmaryň Türkmenistana gelmegi mümkin