Ronaldunyň, Benzemanyň ýa-da Neýmaryň Türkmenistana gelmegi mümkin

Ronaldunyň, Benzemanyň ýa-da Neýmaryň Türkmenistana gelmegi mümkin

Düýn geçirilen pleý-off oýunlaryndan soňra AFK Çempionlar ligasynyň 2023-24-nji ýyldaky möwsüminde toparçalaýyn tapgyra gatnaşjak ähli toparlar belli boldy.Türkmen klublarynyň çykyş edýän Günbatar zolagynda düýn Ronaldu, Mane, Brozowiç ýaly ýyldyzly düzüme eýe bolan Saud Arabystanynyň Al-Nasr kluby 89-njy minutdan soňra geçirilen üç goluň hasabynda BAE-niň Şabab Al-Ahli toparyny ýeňip ýollanma eýe çykan bolsa, BAE-niň Şarjasy Eýranyň Traktoryny ýeňip, toparçalaýyn tapgyra ýollanma aldy. Şeýle-de pleý-off tapgyryna gatnaşan iki özbek kluby AGMK we Nawbahor hem toparçalaýyn tapgyra çykmagy başardy.

Olaryň birinjisi myhmançylykda Kataryň Al-Arabisini, beýlekisi bolsa ýene bir katar kluby Al-Wakrany ýeňlişe sezewar etdi.

Şeýlelikde, AFK Çempionlar ligasynyň 2023-24-nji ýyldaky möwsüminde Günbatar zolakda toparçalaýyn tapgyra gatnaşjak ähli toparlar belli boldy. Ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna 24-nji awgustda bije çekiler.

AFK Çempionlar ligasynyň ligasy, 2023-24-nji ýyldaky möwsüm, toparçalaýyn tapgyr üçin bijäniň sebetleri:

Sebet 1: Al-Ittihad (Saud Arabystany), Persepolis (Eýran), Al-Sadd (Katar), Pahtakor (Özbegistan), Al-Hilal (Saud Arabystany)

Sebet 2: Sepahan (Eýran), Al-Duhail (Katar), Nasaf (Özbegistan), Al-Faýha (Saud Arabystany), Nassaji Mazandaran (Eýran)

Sebet 3: Al-Faýsali (Iordaniýa), Istiklol (Täjigistan), Air Force Club (Yrak), AHAL (TÜRKMENISTAN), Mumbai City (Hindistan)

Sebet 4: Al-Aýn (BAE), Al-Nasr (Saud Arabystany), Şarja (BAE), AGMK (Özbegistan), Nawbahor (Özbegistan).

Ýaryşda Türkmenistana wekilçilik edýän Ahal toparçalaýyn tapgyryň bijesine üçünji sebetden gatnaşar.Munuň özi türkmen klubynyň birinji sebetdäki Al-Ittihad, Al-Hilal, dördünji sebetdäki Al-Nasr ýaly Saud Arabystanynyň toparlarynyň haýsy hem bolsa biri bilen bir toparçadan ýer almak ähtimallygynyň uludygyny görkezýär. Şeýlelikde, şol toparlaryň düzümindäki dünýä belli ýyldyzlaryň — Ronaldunyň, Maneniň, Brozowiçiň (hemmesi Al-Nasr), Neýmaryň, Mitrowiçiň, Malkomyň (hemmesi Al-Hilal), ýa-da Benzemadyr Kanteniň (Al-Ittihad) AFK Çempionlar ligasynyň şu möwsüminde Türkmenistana gelmekleri örän hakykata golaý.

Ýeri gelende bellesek, AFK Çempionlar ligasynyň 2023-24-nji ýyldaky möwsüminiň toparçalaýyn tapgyryna 18-nji sentýabrda badalga berler. Toparçalaýyn tapgyryň ahyrky oýunlary 13-nji dekabrda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Ahalyň Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary 24-nji awgustda belli bolar
AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021-iň bije çekilişigi üçin sebetler düzüldi
AFK Çempionlar Ligasynda “Al-Ain” bilen “Phohan Stilers” 1/8 finala çykan ilkinji klublar boldy
Ahalyň gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky soňky garşydaşy belli boldy
Alaýyň sport direktory toparyň AFK-nyň kubogyndaky maksatlary barada aýtdy
“Altyn Asyr” hem-de “Ahal” toparlary AFK Kubogyndaky garşydaşlaryny bildiler