Milli ýygyndymyz nobatdaky duşuşyklaryna häzirden taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Dünýä Kubogynyň hem-de Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynyň nobatdaky duşuşyklaryna häzirden taýýarlyk görýär.Ante Mişeniň tälimçiligindäki ýygyndymyz golaýda BAE-de okuw-türgenleşik işlerini geçirdi.

Aglaba ýaşlardan düzülen oýunçylaryň gatnaşmagynda geçirilen türgenleşikleriň çäginde milli ýygyndymyz 3 ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.Ildeşlerimiz 1-nji duşuşygynda Malaýziýanyň çempiony “Johordan” 21 asgyn geldi.Malaýziýalylar 2 goly-da penaltiden geçirdi.

Ildeşlerimiziň adyndan bolsa, 53-nji minutda Akmämmet Metdäýew tapawutlandy.Türkmen futbolçylary 2-nji duşuşygynda Ajman şäherinde “FC City” topary bilen duşuşyp, 40 üstün çykmagy başardy.Milli ýygyndymyza ýeňiş getiren gollary Ýakup Magsatow (26), Aly Borjakow (57), Ýazgylyç Gurbanow (68) hem-de Akmämmet Metdäýew (81) derwezä girizdi. 3-nji duşuşyk Özbegistanyň AGMK topary bilen boldy.

Duşuşyk 10 hasabynda özbek toparynyň peýdasyna tamamlandy.

Türkmenistanyň milli ýygyndysy Dünýä Kubogy 2022 hem-de Aziýa Kubogy 2023 ýaryşlarynyň saýlama tapgyrynda “H” toparçada 1-nji orunda barýar. 9 utuk toplan türkmen futbolçylarynyň nobatdaky duşuşygy 26-njy martda myhmançylykda Koreýa Respublikasynyň ýygyndysynyň garşysyna geçirer.

“Ahal” toparynyň ýarymgoragçylary Abdy Bäşimow bilen Wezirgeldi Ylýasow Özbegistanyň “Gyzylgum” toparyna geçdi. Olar özbek topary bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdylar. Türkmenistanyň milli ýygyndysynda-da çykyş edýän iki futbolçy hem geçen möwsümiň soňky tapgyrlarynda has şowly oýun görkezipdi.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Ahmet Ataýew ýurdumyzyň çempiony “Altyn asyr” topary bilen möwsümiň ahyryna çenli şertnama baglaşdy. Onuň soňky çykyş eden topary Malaýziýanyň “Sabah” kluby bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Ahalyň gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky soňky garşydaşy belli boldy
“Balkanyň” uly hasaply ýeňşi
3-nji aýlawa badalga berildi
Çempionlyk ugrunda ýiti göreş