3-nji aýlawa badalga berildi

Bir aý gowrak arakesmeden soň, Türkmenistanyň Milli futbol çempionatynyň 3-nji aýlawyna badalga berildi.Açylyş duşuşygynda sanawyň lideri “Ahal” bilen “Merw” özara güýç synanyşdy.Oýunda hasap açylmady.

Soňky çempion “Altyn asyr” paýtagtyň “Köpetdagyny” kabul etdi. Ýer eýeleriniň doly artykmaçlygynda geçen oýun 30 hasabynda aragatnaşykçylaryň peýdasyna tamamlandy.Gollary Mihail Titow (12) bilen Wahyt Orazsähedow (25, 76) derwezä girizdi.

Edil şonuň ýaly netije “Balkan” bilen “Aşgabat” toparlarynyň arasyndaky oýunda-da hasaba alyndy. 8-nji basgançakda barýan “Balkan” öz meýdançasynda “Aşgabat” toparyndan Akmämmet Metdäýewiň (29, 81) hem-de Şamämmet Hydyrowyň (73) gollary bilen 30 üstün çykdy. “Şagadam” bilen “Energetik” toparlarynyň arasyndaky oýundan gol sesi eşidilmedi.

Ýene degişli makalalar

“Balkanyň” uly hasaply ýeňşi
Çempionlyk ugrunda ýiti göreş
Türkmenistanyň kubogy ýaryşy
Ýarym finalçylar belli boldy
“Altyn asyr” arany açýar
19 OÝUNDAN SOŇ, ILKINJI ÝEŇŞI