19 OÝUNDAN SOŇ, ILKINJI ÝEŇŞI

Futbol boýunça ýurdumyzyň çempionatynda 2223-nji tapgyryň oýunlary geçirildi. 22-nji tapgyrda sanawyň lideri “Altyn asyr” myhmançylykda “Nebitçini” 31 hasabynda ýeňdi. “Altyn asyra” ýeňiş getiren gollaryň üçüsini hem Mekan Aşyrow geçirip, ol 45-nji, 45+1-nji hem-de 48-nji minutlarda tapawutlandy. “Aşgabat” bilen 11 deňme-deň oýnap, “Ahalyň” 2 utuk ýitiren tapgyrynda “Şagadam” myhmançylykda “Merwi” Yhlas Magtymowyň ýeke-täk goly esasynda 10 ýeňdi. “Köpetdag” bolsa öz meýdançasynda “Energetikden” 41 üstün çykdy.

23-nji tapgyrda 3 duşuşyk oýnalyp, “Ahal” bilen “Altyn asyryň” arasyndaky oýun 26-njy noýabra süýşürildi. “Şagadam” öz meýdançasynda “Köpetdagy” Hemra Amanmämmedowyň ýeke-täk goly bilen 10 utdy.

Aşaky orunlarda barýan 2 toparyň arasyndaky oýunda “Merw” öz meýdançasynda “Nebitçini” 41 hasabynda ýeňip, şu möwsümdäki 2-nji ýeňşini gazandy.Gollaryň bary 1-nji ýarymda geçirilip, “Merwiň” adyndan Ilýa Tamurkin (2), Begenç Alamow hem-de Begenç Guldurdyýew tapawutlandy.

Soňky sapar şu ýylyň mart aýynda ýeňiş gazanan “Merw” 19 oýundan soň, ýeňiş gazanmagy başardy.

22-nji tapgyryň netijeleri:

“NEBITÇI”—“ALTYN ASYR”: 13

(Akmämmet Metdäýew 77 — Mekan Aşyrow 45, 45+1, 48)

“MERW”—“ŞAGADAM”: 01 (Yhlas Magtymow 46)

“KÖPETDAG”—“ENERGETIK”: 41

(Ýazgylyç Gurbanow 14, Baýramgeldi Gulmaýew 55, Şiri Annaýew 60 p, Batyrgylyç Berdiýew 90+1 — Söhbet Allanurow 80)

“AŞGABAT”—“AHAL”: 11 (Hoşgeldi Hojowow 75 ö.d. — Orazberdi Myradow 51)

23-nji tapgyryň netijeleri:

“ENERGETIK”—“AŞGABAT”: 11

(Guwanç Ýagmyrow 55 — Nazar Towalekow 48)

“ŞAGADAM”—“KÖPETDAG”: 10

(Hemra Amanmämmedow 28)

“MERW”—“NEBITÇI”: 41

(Ilýa Tamurkin 1, 42, Begenç Alamow 27 p, Begenç

Guldurdyýew 32 — Azat Garajaýew 36)

Ýene degişli makalalar

DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Ahal Türkmenistanyň kubogynyň finalyna çykdy
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
TÝL ― 2022: Abdyrahmanow Merwde 20 gol geçiren bäşinji futbolçy boldy
TFF 2022-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemlerini jemledi
Türkmenistanyň CAFA Nations Cup ― 2023 ýaryşyna gatnaşjak futbol ýygyndysynyň düzümi belli boldy