Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Russiýadaky türgenleşikleri dowam edýär

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Russiýadaky türgenleşikleri dowam edýär

Russiýanyň Moskwa oblastyndaky Kratowon bazasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň CAFA Nations Cup — 2023-e taýýarlygy dowam edýär.

Türkmen metbugaty baş tälimçi Mergen Orazowyň her gün türgenleşikleriň dürli görnüşlerini geçirýändigini habar berdi. Türkmen ýygyndysynyň wekilleri bu ýerde 9-njy iýuna çenli bolarlar.

Şondan soň Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň agzalary ýaryşyň A toparçasynyň duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri bolan Özbegistanyň Daşkent şäherine gelerler. Ýaryşda türkmen ýygyndysy ilkinji duşuşygyny 11-nji iýun güni Täjigistanyň ýygyndysy bilen geçirer.

A toparçada Özbegistan bilen Omanyň ýygyndylarynyň hem bardygyny ýatladýarys. Baş tälimçi Mergen Orazow sebit ýaryşy üçin 25 futbolçyny milli ýygynda çagyrdy.

Derwezeçiler: Resul Çaryýew (Arkadag), Batyr Babaýew (Altyn Asyr), Döwletýar Berdiýew (Köpetdag);

Goragçylar: Yhlas Toýjanow, Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow, Ybraýym Mämmedow, Mekan Saparow (hemmesi Arkadag toparyndan), Ata Geldiýew (Ahal), Teýmur Çaryýew (Abdyş-Ata, Gyrgyzystan);

Ýarymgoragçylar: Arzuwguly Sapargulyýew, Ilýa Tamurkin, Resul Hojaýew, Welmyrat Ballakow, Yhlas Saparmämmedow, Şanazar Tirkişow, Begmyrat Baýow (hemmesi Arkadag toparyndan), Ahmet Ataýew (Altyn Asyr), Mirza Beknazarow (Narwa-Trans, Estoniýa);

Hüjümçiler: Didar Durdyýew, Arslanmyrat Amanow, Altymyrat Annadurdyýew, Begenç Akmämmedow (hemmesi Arkadag toparyndan), Myrat Annaýew (Altyn Asyr), Meýlis Diniýew (Ahal).

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň CAFA Nations Cup ― 2023 ýaryşyna gatnaşjak futbol ýygyndysynyň düzümi belli boldy
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
Ýeňijilere baýraklar gowşuryldy
Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy - 2021-iň ýarym finalçylary belli boldy
Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy - 2021-iň ýarym finalçylaty belli boldy