Türkmenistanyň CAFA Nations Cup ― 2023 ýaryşyna gatnaşjak futbol ýygyndysynyň düzümi belli boldy

Türkmenistanyň CAFA Nations Cup ― 2023 ýaryşyna gatnaşjak futbol ýygyndysynyň düzümi belli boldy

Baş tälimçi Mergen Orazow Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionatyna gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 25 futbolçyny çagyrdy. Futbolçylaryň sanawy Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda paýlaşyldy.

Sanawdaky futbolçylaryň 17-si Türkmenistanyň çempionatynda we Kubok ýaryşynda üstünlikli çykyş edýän Arkadag toparynyň futbolçylarydyr. Şeýle hem baş tälimçi Altyn asyrdan 3, Ahaldan 2, Köpetdagdan bolsa bir futbolçyny düzüme çagyrdy. Düzümde legionerleriň ikisi bar.

Ýeri gelende aýtsak, sebit ýaryşynda baş tälimçä Mekan Muhammetmyradow, Welsähet Öwezow, Kemal Gurbanow, Batyr Rozyýew, Ildar Täşliýew we Pawel Matus dagylar ýardam berer.

Merkezi Aziýanyň Futbol assosiasiýasynyň çempionatyna gatnaşjak Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzümi:

Arkadag futbol toparyndan çagyrylan oýunçylar:

Rasul Çaryýew derwezeçi, Yhlas Toýjanow, Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow, Ybraýym Mämmedow, Arzuwguly Sapargulyýew, Mekan Saparow, Ilýa Tamurkin, Resul Hojaýew, Welmyrat Ballakow, Yhlas Saparmämmedow, Didar Durdyýew, Arslanmyrat Amanow, Şanazar Tirkişow, Begmyrat Baýow, Altymyrat Annadurdyýew, Begenç Akmämmedow.

Altyn asyr futbol toparyndan çagyrylan oýunçylar:

Batyr Babaýew derwezeçi, Ahmet Ataýew, Myrat Annaýew.

Ahal futbol toparyndan çagyrylan oýunçylar:

Ata Geldiýew, Meýlis Diniýew.

Köpetdag futbol toparyndan çagyrylan oýunçylar:

Döwletýar Berdiýew derwezeçi.

Daşary ýurtlaryň çempionatlaryndan çagyrylan oýunçylar:

Teýmur Çaryýew (Abdyş-Ata, Gyrgyzystan), Mirza Beknazarow (Narwa-Trans, Estoniýa).

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň Russiýadaky türgenleşikleri dowam edýär
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy - 2021-iň ýarym finalçylaty belli boldy
Türkmenistanyň milli ýygyndysy täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda ilkinji türgenleşik ýygnanyşygyny geçirýär
Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2020-nji ýylyň jemini jemledi
Ýeňijilere baýraklar gowşuryldy