Türkmenistanyň Futbol federasiýasy 2020-nji ýylyň jemini jemledi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2020-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemi jemlendi.

Geçirilen ýygnanyşykda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sport žurnalistleriniň we Ýokary liganyň futbol klublarynyň wekilleriniň arasynda ýazuw arkaly geçirilen pikir-soraşmanyň jemine seredildi.

Geçirilen ses berlişigiň netijesinde Türkmenistanyň Futbol çempionatydyr Kubok bäsleşiginde çykyş eden futbolçylaryň arasynda “Altyn Asyr” toparynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew “Iň ökde oýunçy” diýlip yglan edildi. Şeýle-de, Türkmenistanyň futbol çempionatynda geçen möwsüm netijeli urgularyň 35-sini geçiren Altymyrat Annadurdyýew “Iň köp top geçiren oýunçylaryň” arasynda hem öňdeligi eýeledi.

“Iň ökde tälimçi” diýlip, “Altyn Asyryň” tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew saýlanyldy. Geçen möwsümde Ýazgulynyň tälimçiligindäki “Altyn Asyr” ýedinji gezek futbol çempionatymyzy ýeňiş bilen tamamlady. Şeýle-de, bu hünärmeniň ýolbaşçylygynda paýtagtymyzyň topary Ýurdumyzyň Kubogyny bäşinji gezek asmana göterdi. Mundan başga-da, “Altyn Asyr” Naýbaşy Kubogynda hem ýeňşini baýram etdi.

Türkmenistanyň çempionatynda az sanly jerime toplan Marynyň “Merwi” “Adalatly oýun görkezen topar” diýlip yglan edildi.

Ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň adyndan ýörite diplomlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Ýeňijilere sowgatlary TFF-niň Baş sekretary Arslan Aýnazarow gowşurydy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ökde futbolçylarynyň 22-ligi hem seçilip alyndy.

Birinji düzüm: Mämmet Orazmuhammedow (“Altyn Asyr”) derwezeçi; Mekan Saparow, Zafar Babajanow (ikisi-de “Altyn Asyr”), Gurbanguly Aşyrow, Güýçmyrat Annagulyýew (ikisi-de, “Ahal”) goragçylar; Resul Hojaýew ( “Altyn Asyr”), Yhlas Magtymow (“Şagadam”), Elman Tagaýew (“Ahal”), Nazar Towakelow (“Aşgabat”) ýarym goragçylar; Altymyrat Annadurdyýew, Mihail Titow (ikisi-de, “Altyn Asyr”) hüjümçiler.

Ikinji düzüm: Batyr Babaýew (“Ahal”) derwezeçi, Bahtiýar Hojaahmedow (“Şagadam”), Möwlam Goşşanow, Serdar Baýramow (ikisi-de “Köpetdag”), Serdar Annaorazow (“Ahal”) goragçylar; Yhlas Saparmämmedow, Ýazgylyç Gurbanow (ikisi-de “Köpetdag”), Alibek Abdyrahmanow (“Nebitçi”), Ilýa Tamurkin (“Ahal”) ýarym goragçylar; Murat Ýakşiýew (“Ahal”), Hemra Amanmämmedow (“Şagadam”) hüjümçiler.

Ýeňiji bolanlary tüýs ýüregimiz bilen gutlaýarys!

“tff.com.tm”

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
12-nji martda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
Malaýziýa bilen boljak duşuşykda türkmen ýygyndysynyň başlangyç düzümi mälim edildi
TFF 2022-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemlerini jemledi