Türkmenistanyň futbol Kubogy ýaryşynyň çärýek finalynyň jogap duşuşyklary oýnaldy.Kubogyň häzirki eýesi “Köpetdag” öz meýdançasynda “Şagadamdan” 10 üstün çykdy.Paýtagtlylara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 79-njy minutda Ýazgylyç Gurbanow öz adyna ýazdyrdy. 1-nji duşuşykda hasap açylmandy. Öz meýdançasynda 20 ýeňiş gazanan “Ahal” myhmançylykda “Merw” bilen golsuz deňme-deň oýnap, ýarym finala çykmagy başardy.
Edil şonuň ýaly 1-nji oýunda myhmançylykda 20 hasabynda ýeňiş gazanan “Aşgabat” öz meýdançasynda “Energetik” bilen 11 deňme-deň oýnady. “Altyn asyr” topary myhmançylykda-da “Nebitçini” ýeňmegiň hötdesinden geldi.
Aşgabatda 10 üstün çykan aragatnaşykçylar Balkanabat şäherinde 21 hasabynda ýeňiş gazandy. 6-njy minutda Merdan Muhadowyň goly bilen öňe saýlanan myhmanlaryň toruna 6 minutdan soň, Akmämmet Metdäýew jogap goluny geçirdi.
Her topardan 1 oýunçynyň gyzyl kart alan duşuşygynda “Altyn asyr” toparyna ýeňiş getiren goly 80-nji minutda Zafar Babajanow öz adyna ýazdyrdy. Şunlukda, ýarym finalda “Altyn asyr” “Aşgabat” bilen, “Köpetdag” bolsa, “Ahal” bilen duşuşar.
