Çempionlyk ugrunda ýiti göreş

Ýurdumyzyň futbol çempionatynda 14-nji tapgyr ýerli derbileriň tapgyry boldy.Geçirilen 4 oýunda 8 gol hasaba alyndy.Sanawyň lideri “Şagadam” welaýat derbisinde myhmançylykda “Nebitçini” 21 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Ýer eýeleri 15-nji minutda Akmämmet Metdäýewiň goly bilen öňe saýlansa-da, soňlugy bilen, olara üstünligi saklamak başartmady. “Şagadama” ýeňiş getiren gollary 45+1-nji minutda Daýanç Orazgulyýew hem-de 82-nji minutda Kerim Hojaberdiýew derwezä girizdi.

Paýtagtda oýnalan oýunlarda bolsa, ýeňiş gazanan bolmady. “Altyn asyr” “Aşgabat” bilen, “Ahal” “Köpetdag” bilen 11 deňme-deň oýnady.Bu iki oýunda hasaby deňlän myhmançylykdaky toparlar soňky minutlarda ýeňlişden halas boldy. Ýagny, 76-njy minutda Murat Ýakşiýew “Altyn asyry” öňe saýlasa, 90+3-nji minutda “Aşgabatdan” Orazmuhammet Işangulyýew hasaby deňledi.

Beýleki oýunda-da Guwanç Abylowyň 36-njy minutdaky goly bilen hasaby açan “Ahal” topary 90+4-nji minutda Baýramgeldi Gulmaýewiň goluny saklap bilmedi.Maryda oýnalan welaýat derbisinde-de “Energetik” aşaky orunda barýan “Merwi” Döwran Hojamämmedowyň 26-njy minutdaky ýeke-täk pökgüsi bilen ýeňdi. Şeýle-de 13-nji tapgyryň galdyrylan oýnunda “Ahal” “Merwi” myhmançylykda 10 hasaby bilen utdy.

Myhmanlara 3 utuk gazandyran goly 55-nji minutda Didar Durdyýew öz adyna ýazdyrdy.Bu ýeňişden soň, “Ahal” bir oýny az “Altyn asyrdan” öňe saýlanyp, 2-nji basgançaga beýgeldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň kubogy ýaryşy
“Altyn asyr” arany açýar
Türkmenistanyň kubogy ― 2022: Şagadam myhmançylykda Energetigi ýeňdi
TÝL ― 2022: Şagadam Nebitçini uly hasap bilen ýeňdi
Derbiler tapgyrynda ýer eýeleri ýeňiş gazandy, “Ahal” aratapawudy 7 utuga ýetirdi
“Balkanyň” uly hasaply ýeňşi