“Balkanyň” uly hasaply ýeňşi

Türkmenistanyň Kubogy ýaryşynda täze möwsümiň ilkinji duşuşygynda uly hasaply ýeňiş gazanyldy.Deslapky tapgyrda “Balkan” topary 1-nji liganyň wekili “Tejen” topary bilen duşuşdy.Balkanabatda geçirilen 1-nji duşuşygyň her ýarymynda 4 pökgi geçirilip, ýer eýeleri 80 hasabynda ýeňiş gazandy. 15-nji minutda Aşyrgeldi Ylýasow hasaby açdy.

Soňra Akmämmet Metdäýew 17-nji we 20-nji minutlarda yzly-yzyna 2 gezek tapawutlandy. 23-nji minutda-da Azat Garajaýew 1-nji ýarymdaky soňky goly derwezä girizdi. 2-nji ýarymda, has takygy, oýnuň 55-nji minutynda Metdäýew ýene 1 sapar tapawutlanyp, duşuşykdaky 3-nji pökgüsini öz adyna ýazdyrdy. 71-nji minutda Ýewgeniý Tkaçenko penaltini dürs ýerine ýetirdi. Şol goldan 6 minut soň, Yhlas Magtymow hasaby 7-ä ýetirdi. 89-njy minutda-da Azat Garajaýew oýna soňky nokady goýdy.3 günden soň, Tejende oýnalan jogap duşuşygynda-da “Balkan” topary 21 hasabynda ýeňiş gazandy.

Oýnuň 3-nji minutynda ýer eýelerinden Mekan Haýtmuhammedow penaltiden hasaby açdy.Duşuşygyň tamamlanmagyna 15 minut galanda, Yhlas Magtymow hasaby deňlän bolsa, 85-nji minutda-da Şamämmet Hydyrow “Balkana” ýeňiş getiren topy derwezä saldy.Şeýlelikde, “Balkan” topary çärýek finalda “Altyn asyr” topary bilen duşuşar. “Aşgabat”“Ahal”, “Şagadam”“Köpetdag”, “Merw”“Energetik” hem-de “Altyn asyr”“Balkan” toparlarynyň arasyndaky çärýek finalyň 1-nji duşuşyklary 7-nji awgustda, jogap oýunlary-da 14-nji awgustda oýnalar.

Ýene degişli makalalar

Ahal Köpetdag bilen Nebitçiden ýene iki futbolçyny düzümine goşdy
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
TÝL ― 2021: Balkan derbisi Nebitçiniň myhmançylykdaky ýeňşi bilen tamamlandy
Futbol boýunça Balkan welaýatynyň kubogyna Şagadam mynasyp boldy
TÝL ― 2022: Şagadam Nebitçini uly hasap bilen ýeňdi
Derbiler tapgyrynda ýer eýeleri ýeňiş gazandy, “Ahal” aratapawudy 7 utuga ýetirdi
Milli ýygyndymyz nobatdaky duşuşyklaryna häzirden taýýarlyk görýär