TÝL ― 2021: Balkan derbisi Nebitçiniň myhmançylykdaky ýeňşi bilen tamamlandy

TÝL ― 2021: Balkan derbisi Nebitçiniň myhmançylykdaky ýeňşi bilen tamamlandy

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň şu möwsümindäki ikinji Balkan derbisi Nebitçiniň myhmançylykdaky ýeňşi bilen tamamlandy.

Türkmenbaşy şäherindäki Şagadam stadionynda milli çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň çäklerinde geçirilen duşuşykda ýerli Şagadam Nebitçiden 0:1 hasabynda asgyn geldi. Myhman toparyň ýeke-täk pökgüsini 39-njy minutda kapitan Azat Garajaýew 11 metrlik jerime urgusyndan geçirdi.

Şu ýeňişden soňra utugyny 10-a çykaran Nebitçi möwsümde bu sepgide ýetip bilen bäşinji topar boldy. 17 utukly Şagadam bolsa öz meýdanynda ýaryşyň birinji basgançagyna geçmek mümkinçiligini elden gidirdi.

“Şagadam” “Nebitçi” 0:1 Gollar: 39 (11 m.j.u.) Azat Garajaýew (“Nebitçi”) Duýduryşlar: 39 Resul Mahmydow, 41 Baýramgeldi Nurlyýew, 45 Aşyrgeldi Saryýew, 70 Salim Umarow, 75 Mekan Aşyrow, Yhlas Magtymow, oýundan soň (“Şagadam”) 69 Akmämmet Metdäýew, 88 Guwanç Abylow (“Nebitçi”) Meýdandan çykarylan: 56 Resul Mahmydow, ikinji duýduryş (“Şagadam”) Geçirilen ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.) Duşuşygyň emini: A.Gurbanow (Aşgabat ş.) Kömekçi eminler: B.Haknazarow (Aşgabat ş.), M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.) Ätiýaçdaky emin: S.Gurbanow (Balkanabat ş.) Gözegçi emin: A.Sapaýew (Daşoguz ş.) Duşuşygyň komissary: O.Mämmetgeldiýew (Aşgabat ş.).

Ýene degişli makalalar

TÝL. Transfer: "Ahalyň" 5-nji we 6-njy transferleri
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
TÝL ― 2023: Satlykow bilen başlanan şowsuzlyk Tagaýew bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: Nebitçi bürünç medalyň eýesi boldy
TÝL ― 2023: Aşgabady ýeňen Nebitçi Ahal bilen aralygy 5 utuga çykardy
Derbiler tapgyrynda ýer eýeleri ýeňiş gazandy, “Ahal” aratapawudy 7 utuga ýetirdi