TÝL ― 2023: Nebitçi bürünç medalyň eýesi boldy

TÝL ― 2023: Nebitçi bürünç medalyň eýesi boldy

Şu gün 27-nji tapgyryň çäginde Balkanabat şäherinde Şagadamy kabul eden Nebitçi möwsümdäki iň soňky Balkan derbisini ýeňiş bilen tamamlady. Bu ýeňiş, şol bir wagtyň özünde, Nebitçä möwsümiň bürünç medalyny bagyşlady.

Duşuşyk 2:0 hasabynda ýer eýeleriniň ýeňşi bilen tamamlandy. 7-nji minutdaky dartgynly pursatda Şagadamyň oýunçysy Ýunus Orazmämmedow säwlik bilen öz derwezesine gol geçiren bolsa, 55-nji minutda Akmämmet Metdäýew bu goluň üstüni ýetirdi.

Şeýlelikde, Nebitçi möwsümdäki ähli duşuşyklaryny tamamlady. Topar 24 duşuşykda 43 utuk toplap, çempionyň 29, kümüş medalyň eýesiniň bolsa 11 utuk yzynda bürünç medalyň eýesi boldy. Ozal habar berşimiz ýaly, 27-nji tapgyrda Altyn asyrdan asgyn gelen Ahal bürünç medal üçin göreşmek mümkinçiligini ýitirdi.

14 utukly Şagadamyň ätiýaçda ýene bir utugy bar. 29-njy dekabrda Ahal bilen duşuşykda Şagadam üçin hem, onuň garşydaşy üçin bu duşuşygyň ähmiýeti az.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
TÝL ― 2023: Satlykow bilen başlanan şowsuzlyk Tagaýew bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: Aşgabady ýeňen Nebitçi Ahal bilen aralygy 5 utuga çykardy
TÝL. Transfer: "Ahalyň" 5-nji we 6-njy transferleri
Ahalyň gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky soňky garşydaşy belli boldy
TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy