TÝL ― 2023: Aşgabady ýeňen Nebitçi Ahal bilen aralygy 5 utuga çykardy

TÝL ― 2023: Aşgabady ýeňen Nebitçi Ahal bilen aralygy 5 utuga çykardy

Şu gün 25-nji tapgyryň çäklerinde Balkanabat şäherinde geçirilen alty golly duşuşykda ýerli Nebitçi paýtagtyň Aşgabat toparyny 4:2 hasabynda ýeňip, bürünç medal ugrundaky göreşde nobatdaky üstünligini gazandy.

Janköýeriň habar berşi ýaly, duşuşykda ýer eýeleriniň gollaryny 23-nji minutda Magtymberdi Berenow (11 m.j.u.), 49-njy minutda Gurbangeldi Batyrow, 51-nji minutda Akmämmet Metdäýew we 80-nji minutda Serdar Tukyýew geçirdi. Aşgabat bolsa bu gollara 70-nji minutda Nepesmyrat Lallakowyň we 90-njy minutda Hojanazar Gurbanowyň tapawutlanmagynda jogap berip bildi.

Şeýlelikde, 22 duşuşykda 37 utuk toplap bilen Nebitçi dördünji orundaky Ahal bilen aralygy 5 utuga çykardy. 30 utukda galan Aşgabat bolsa eýeleýän ornuny ― bäşinjiligi howp astyna saldy. Çünki tapgyrda Energetikden 1:0 hasabynda üstün çykan Köpetdag Aşgabat bilen aralygy 2 utuga çenli ýygyrdy.

Bu bolsa möwsümiň ahyrky tapgyrlarynda üçünji we bäşinji orun göreşiň has ýiti boljakdygyny görkezýär.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
TÝL ― 2023: Satlykow bilen başlanan şowsuzlyk Tagaýew bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: Nebitçi bürünç medalyň eýesi boldy
TÝL. Transfer: "Ahalyň" 5-nji we 6-njy transferleri
Ahal Köpetdag bilen Nebitçiden ýene iki futbolçyny düzümine goşdy
Ahalyň gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky soňky garşydaşy belli boldy