Arkadag we Şagadam toparlary 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň Kubogy ugrunda bäsleşerler.Bu Aşgabat köpugurly stadionynyň merkezi meýdançasynda geçirilen ýarym final duşuşyklarynyň netijeleri boýunça mälim boldy.Ilkinji duşuşykda Şagadam topary Aşgabat toparyny 1:0 hasabynda ýeňdi. 32-nji minutda ýeňiş gazanan pökgini Akmämmet Metdäýew tora girizdi.
Ikinji duşuşykda Türkmenistanyň üç gezek çempiony Arkadag topary ýurdumyzyň wise-çempiony Ahal toparyndan 2:1 hasabynda üstün çykdy.Birinji ýarymda taraplaryň hiç biri üstünlik gazanyp bilmedi.Ikinji ýarymda Türkmennebitönümleri Baş müdirliginiň adyndan Daýanç Meredowyň (67-nji minut) we Meýlis Diniýewiň (71-nji minut) iki pökgüsine Süleýman Mirzoýewiň 85-nji minutda uran takyk urgusy jogap pökgi boldy.
Jemleýji oýun 12-nji martda geçiriler. Şol gün üçünji ýer ugrundaky bäsleşikde Ahal we Aşgabat toparlary duşuşarlar. Ýaryşda ýene-de iki duşuşyk geçiriler: 5 6-njy orunlar üçin bäsleşikde Köpetdag we Türkmenistanyň 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndy toparlary duşuşarlar, Nebitçi we Merw toparlary bolsa 7 8-nji orunlar üçin bäsleşerler.
