TÝL ― 2023: Metdäýew ilkinji bäşlikde, Orazgulyýew 10-a tegeledi

TÝL ― 2023: Metdäýew ilkinji bäşlikde, Orazgulyýew 10-a tegeledi

Nebitçiniň futbolçysy Akmämmet Metdäýew toparyň düzüminde Ýokary ligadaky 19-njy goluny geçirdi. Bu netije bilen ol Türkmenistanyň çempionatynda Nebitçiniň hatarynda 2013-nji ýyldan bäri iň kän tapawutlanan futbolçylaryň ilkinji bäşligine girdi. Dördünji orunda 24 gol bilen Azat Garajaýew bar.

Şeýle hem 3-nji tapgyrda Daýanç Orazgulyýew Nebitçiniň düzüminde Türkmenistanyň çempionatyndaky gollarynyň sanyny 10-a tegeledi. Ol toparyň düzüminde çempionatda 10 gol geçiren 17-nji futbolçy boldy.

Nebitçiniň 3-nji tapgyrda myhmançylykda Aşgabady 3:1 hasabynda ýeňendigini ýatladýarys. Toparyň gollarynyň ikisini Akmämmet Metdäýew, birini Daýanç Orazgulyýew geçirdi.

Ýene degişli makalalar

TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
TÝL ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklaryndan soň gyzykly hasaplamalar
TÝL ― 2023: dört futbolçy öňe saýlanýar
TÝL ― 2023: Aşgabady ýeňen Nebitçi Ahal bilen aralygy 5 utuga çykardy
TÝL ― 2023: Nebitçi bürünç medalyň eýesi boldy
TÝL ― 2023: Satlykow bilen başlanan şowsuzlyk Tagaýew bilen tamamlandy