Ahal Köpetdag bilen Nebitçiden ýene iki futbolçyny düzümine goşdy

Ahal Köpetdag bilen Nebitçiden ýene iki futbolçyny düzümine goşdy

Türkmennebitönümleri baş müdirliginiň Ahal futbol topary Telegram jemgyýetçilik torundaky resmi hasabynda ýene iki futbolçyny düzümine goşandygyny habar berdi.

Hasapda ýazylyşy ýaly, topar Köpetdagdan Ilýas Çaryýew we Nebitçiden Akmämmet Metdäýew bilen şertnama baglaşdy. Akmämmet Metdäýewiň çempionaty bürünç medal bilen tamamlan Nebitçiniň düzüminde geçen ýyl iň kän tapawutlanan futbolçylaryň sanawynda ikinji orny eýeländigini ýatladýarys. Ol çempionatda jemi 6 gezek tapawutlandy. Mundan ozal Ahalyň Igor Sekow bilen Azizbek Bekçanowy hem düzüme goşandygyny habar beripdik.

Janköýer web saýtynyň ýazmagyna görä, Ýokary liganyň toparlary käbir futbolçylary gözden geçirýärler. Türkmen futbolçylarynyň käbiri bolsa şu günler daşary ýurt toparlarynda synagdan geçýärler. Bu maglumatlary aşakda ýerleşdirýäris:

Arkadag FK: Şamämmet Hydyrow (Köpetdag FK) Enwer Annaýew (Altyn Asyr FK)

Altyn Asyr FK: Şöhrat Söýünow (Ahal FK)

Nebitçi FK: Dayanç Nuryýew, Aşyr Jumadurdyýew (ikisem Energetik FK) Bäşim Gurbanberdiýew (Aşgabat FK)

Ahal FK: Ýagşysähet Döwletgeldiýew (Merw FK)

Aşgabat FK: Oraz Orazow, Azat Annaýew Atageldi Geldiýew, Azat Hojamuhammedow (ikisem Ahal FK)

Merw FK: Söhbet Allanurow (Aşgabat FK) Serdar Annamämmedow (Energetik FK)

Rawşan FK (Täjigistan): Musa Nurnazarow (Merw FK)

Abdyş-Ata FK (Gyrgyzystan): Süleýman Muhadow (Dordoý FK).

Ýene degişli makalalar

Ahalyň gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky soňky garşydaşy belli boldy
“Balkanyň” uly hasaply ýeňşi
3-nji aýlawa badalga berildi
Çempionlyk ugrunda ýiti göreş