Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2021-nji ýylyň jemi jemledi

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2021-nji ýylyň jemi jemledi

Ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2021-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemi jemlendi. Onuň netijesinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sport žurnalistleriniň we Ýokary liganyň futbol klublarynyň wekilleriniň arasynda ýazuw arkaly geçirilen pikir-soraşmanyň jemine seredildi.

Geçirilen ses berlişigiň netijesinde Ahal toparynyň ýarymgoragçysy Elman Tagaýew Iň ökde oýunçy diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň futbol çempionatynda geçen möwsüminde E.Tagaýewiň derwezelere geçiren 10 topy bilen Iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda hem öňdeligi eýeländigini bellemek gerek.

Iň ökde tälimçi diýlip, Altyn Asyryň tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew saýlanyldy. Geçen möwsümde Ýazgulynyň tälimçiligindäki Altyn Asyr sekizinji gezek Türkmenistanyň futbol çempionatyny ýeňiş bilen tamamlady. Şeýle-de, bu hünärmeniň ýolbaşçylygynda Aşgabadyň topary Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyna hem mynasyp boldy.

Çempionatyň dowamynda Adalatly oýun görkezen toparyna gowşurylýan baýraga Ahal topary mynasyp boldy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ökde futbolçylarynyň 22-ligi hem seçilip alyndy.

Birinji düzüm: Mämmet Orazmuhammedow (Altyn Asyr) derwezeçi; Mekan Saparow, Güýçmyrat Annagulyýew, Zafar Babajanow (hemmesi Altyn Asyr), Abdy Bäşimow (Ahal) goragçylar; Elman Tagaýew, Arslanmyrat Amanow (ikisi-de Ahal), Ahmet Ataýew (Altyn Asyr), Yhlas Magtymow (Şagadam) ýarym goragçylar; Altymyrat Annadurdyýew (Altyn Asyr), Pirmyrat Gazakow (Merw) hüjümçiler.

Ikinji düzüm: Resul Çaryýew ( Ahal) derwezeçi, Serdar Geldiýew, Ata Geldiýew (ikisi-de Ahal), Serdar Baýramow (Köpetdag), Resul Mahmydow ( Şagadam) goragçylar; Yhlas Saparmämmedow, Ýazgylyç Gurbanow (ikisi-de, Köpetdag), Nazar Towakelow (Şagadam) , Myrat Annaýew (Altyn Asyr) ýarym goragçylar; Gurbangeldi Sähedow (Aşgabat), Kerim Hojaberdiýew (Şagadam) hüjümçiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
TÝL ― 2023: Ahal Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi
AÇL. Pahtakor — Ahal oýnunyň esasy düzümleri belli boldy
TÝL ― 2023: Ahal ikinji aýlawda ilkinji gezek utuk ýitirdi, Şagadam ilkinji utugyny gazandy
TÝL ― 2023: 14-nji tapgyrdan soň gyzykly hasaplamalar