Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi

Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi

Ýakynda Türkmenistanyň Futbol federasiýasynda 2023-nji ýylyň futbol möwsüminiň jemi jemlendi. Onuň netijesinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň sport žurnalistleriniň we Ýokary liganyň futbol klublarynyň wekilleriniň arasynda ýazuw arkaly geçirilen pikir-soraşmanyň jemine seredildi. Bu barada federasiýanyň resmi saýty habar berýär.

Geçirilen ses berlişigiň netijesinde Ahal toparynyň oýunçysy Elman Tagaýew Iň ökde oýunçy diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň futbol çempionatynda geçen möwsüminde garşydaşlarynyň derwezesinden 27 top geçiren Didar Durdyýew (Arkadag) iň köp top geçiren oýunçylaryň arasynda öňdeligi eýelemegi başardy. Çempionatyň dowamynda Adalatly oýun görkezen topar ugrundaky baýraga Altyn asyr topary mynasyp boldy.

Şeýle-de, Türkmenistanyň futbol çempionatynyň iň ökde futbolçylarynyň 22-ligi hem seçilip alyndy.

Birinji düzüm: Rasul Çaryýew (Arkadag) derwezeçi; Güýçmyrat Annagulyýew, Abdy Bäşimow (ikisi-de Arkadag), Hakmuhammet Bäşimow, Şöhrat Söýünow (ikisi-de Ahal) goragçylar; Welmyrat Ballakow, Arslanmyrat Amanow, Begmyrat Baýow (hemmesi Arkadag), Elman Tagaýew (Ahal) ýarymgoragçylar; Didar Durdyýew (Arkadag), Wahyt Orazsähedow (Altyn asyr) hüjümçiler.

Ikinji düzüm: Rahat Japarow (Ahal) derwezeçi, Ybraýym Mämmedow, Mekan Saparow (ikisi-de Arkadag), Ata Geldiýew (Ahal), Zafar Babajanow (Altyn asyr) goragçylar; Şanazar Tirkişow (Arkadag), Magtymberdi Berenow (Nebitçi), Yhlas Magtymow (Şagadam), Ahmet Ataýew (Altyn asyr) ýarymgoragçylar; Altymyrat Annadurdyýew (Arkadag), Hojanazar Gurbanow (Aşgabat) hüjümçiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oktýabr aýynda geçiriljek okuw-türgenleşik ýygnanyşygyna gatnaşjak düzümi belli boldy
DÇ-2026-nyň saýlamasynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň Özbegistana we Gonkonga garşy oýunlar üçin giňeldilen düzümi belli boldy
Türkmenistanyň ýygyndy futbol topary Tailandda ýeňiş gazanmaga taýýar
TÝL ― 2023: Didar Durdyýew bassyr iki ýyl bäri iň netijeli futbolçy boldy
Kubok ýaryşynda ýarym finalyň 1-nji oýunlary geçirildi
Türkmenistanda Tatarystanyň medeniýet günleri we V Wena baly geçiriler, Aşgabat we Daşkent kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar, Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky şowsuzlygy we beýleki habarlar