TÝL ― 2023: Didar Durdyýew bassyr iki ýyl bäri iň netijeli futbolçy boldy

TÝL ― 2023: Didar Durdyýew bassyr iki ýyl bäri iň netijeli futbolçy boldy

Arkadag toparynyň hüjümçisi Didar Durdyýew Türkmenistanyň çempionatynyň geçen ýyldaky möwsüminiň iň netijeli futbolçysy boldy. Ol çempionatyň dowamynda 27 gezek tapawutlandy.

Ikinji orundaky Altyn asyryň hüjümçisi Wahyt Orazsähedowyň 12, onuň üçünjilikdäki topardaşy Myrat Annaýewiň bolsa 11 goly bar. Şeýle hem Nebitçiden Magtymberdi Berenow 10, Arkadag toparyndan Begmyrat Baýow bilen Aşgabatdan Hojanazar Gurbanow 9 gol bilen ilkinji bäşlige girmegi başardy.

Çempionatyň geçen möwsüminde 106 futbolçy tapawutlandy. Arkadag toparyndan Didar Durdyýew (27), Altyn asyrdan Wahyt Orazsähedow (12), Nebitçiden Magtymberdi Berenow (10), Aşgabatdan Hojanazar Gurbanow (9), Köpetdagdan Şamämmet Hydyrow (8), Ahaldan Elman Tagaýew (7), Şagadamdan Yhlas Magtymow (5), Energetikden Guwanç Berdimyradow (4) öz toparlarynda iň netijeli futbolçylar boldular. Merwden bolsa birnäçe futbolçynyň 2 goly bar.

Ýene degişli makalalar

Türkmen futboly ― 2023: möwsümiň iň gowulary yglan edildi
Arkadag we Altyn asyr toparlary 2026-njy ýyldaky Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatyna uly ýeňişler bilen başladylar
TÝL - 2023: möwsüm "Ahalyň" ýeňşi bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: Satlykow bilen başlanan şowsuzlyk Tagaýew bilen tamamlandy
TÝL ― 2023: möwsümiň 43 goly 11 metrlik jerime urgusyndan geçirildi
TÝL ― 2024: Ahal Aşgabady uly hasap bilen ýeňdi