Türkmenistanda Tatarystanyň medeniýet günleri we V Wena baly geçiriler, Aşgabat we Daşkent kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar, Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky şowsuzlygy we beýleki habarlar

Türkmenistanda Tatarystanyň medeniýet günleri we V Wena baly geçiriler, Aşgabat we Daşkent kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar, Ahalyň AFK Çempionlar ligasyndaky şowsuzlygy we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. 11-nji oktýabrda Türkmenistanyň Arkadag şäherinde Wena baly geçiriler.Bu waka bilen bagly Türkmenistana geljek Awstriýa wekiliýetiniň düzümine meşhur opera aýdymçylary we tans duetleri girer.Wena baly Türkmenistanda bäşinji gezek guralýar.

Ilkinji bal 2011-nji ýylda Aşgabatda geçirilipdi.Bu çäräni geçirmek Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldawy bilen Awstriýa-Türkmen jemgyýeti tarapyndan ýola goýuldy. Ýyllar soňra Wena baly türkmen-awstriýa medeni hyzmatdaşlygynyň däp bolan düzüm bölegine öwrüldi.

2. 17 — 19-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanda Tatarystan Respublikasynyň medeniýet günleri geçiriler. Çäreler ýurduň paýtagty Aşgabatda we Mary şäherinde bolar. Medeniýet günleriniň çäginde Tatarystanyň medeniýetine we däp-dessurlaryna bagyşlanan konsertler, sergiler, çykyşlar, ussatlyk sapaklary we beýleki çäreler geçiriler.

3.Türkmenaragatnaşyk agentliginiň ýanyndaky Döwlet Kiberhowpsuzlyk gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Kiberhowpsuzlyk merkezi unitar edarasy kiberhowpsuzlyk ulgamynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler.Resminama Daşkende geçirilen CyberSecurityCentralEurasia maslahatynyň çäklerinde gol çekildi. Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegi Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda kiberhowpsuzlyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädimdir.

Bu resminama iki ýurduň maglumat-kommunikasiýalar ulgamlarynyň we infrastrukturasynyň howpsuzlygyny berkitmäge kömek eder.

Dünýäde

4.Amazonka tokaýlarynda guraklyk we güýçli yssy sebäpli derýa delfinleri hem-de balyklar ölýärler.Bir hepdäniň dowamynda Amazonka derýasynyň basseýninde ýüzden gowrak derýa delfinleri suwuň temperaturasynyň 38 gradusa çenli ýokarlanmagyna çydap bilmändikleri sebäpli öldüler.

Delfinlerden başga-da, Amazonkanyň balyklarynyň müňlerçesi ölýär.Braziliýanyň daşky gurşaw goramak boýunça işgärleriniň habar bermegine görä, bu sebit eýýäm süýji suw delfinleriniň umumy sanynyň 5-den 10-a çenli göterimini ýitirdi.

5.Sentýabr aýynyň ahyrynda Byçgy atly meşhur gorky (horror) filminiň onunjy bölümi çykdy.Ilkinji gün onuň diňe ABŞ-nyň prokatyndaky ýygymynyň girdejisi 8 million dollardan geçdi, bu şeýle häsiýetli filmler üçin rekorddyr.

Onunjy filmiň sýužetinde birinji we ikinji bölümleriň arasyndaky wakalar beýan edilýär.Baş gahryman täze synag usuly arkaly rak keselinden gutulmak umydy bilen Meksika gidýär, emma özüne dowamly adam öldürýän (seriýaly) ganhor tarapyndan taýýarlanan duzaklaryň garaşýandygy hakynda pikir etmeýär.

Sport habarlary

6. AFK Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň 2-nji aýlawynda orun alan Al-Aýn — Ahal duşuşygy tamamlandy. A toparçasyndaky garşydaşlar Hazza Ben Zaýed stadionynda güýç synanyşdylar. Duşuşyga Abdulla Jamaliniň ýolbaşçylygyndaky kuweýtli eminler topary eminlik etdi. Duşuşyk 4:2 hasabynda Emirlikleriň toparynyň peýdasyna tamamlandy. Ahalyň düzüminde Elman Tagaýew we Daýanç Meredow tapawutlanmagy başardylar.

7. 5-nji oktýabrda AFK kubogynyň 2023/24-nji möwsüminiň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji aýlawynyň Merkezi zolakdaky duşuşyklary geçiriler. Onuň dowamynda Merw Abdyş-Ata we Altyn asyr Rawşan klublary özara güýç synanyşarlar. Iki oýun hem Türkmenistanyň paýtagtyndaky Aşgabat stadionynda geçiriler. AFK kubogynyň oýunlarynyň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar Aşgabat stadionynyň mejlisler zalynda habar beriş serişdeleri üçin metbugat maslahatyny geçirerler.

Ýene degişli makalalar

2024-nji ýylyň tomsy çakdanaşa yssy bolar diýlip garaşylýar
Amazonka derýasy
Alaw nagyşly gurbaga tapyldy
Tohum ekýän robotlar ulanylýar
Amazonkanyň tokaýlarynyň çapylmagy 33 göterim azaldy
Braziliýada guraklyk sebäpli millionlarça adam ýitgi çekýär