Amazonkada gadymy şäher ýüze çykaryldy

Arheologlar Amazonka tokaýlarynyň jümmüşinde gadymy şäheriň üstünden bardylar.And daglarynyň gündogar eteklerindäki Upano jülgesinden tapylan şäheriň azyndan 250 ýyllyk taryhynyň bardygy çaklanylýar.Bu şäheriň harabalyklary gür tokaýlyklaryň arasynda ýüzlerçe ýyllap gizlenip galypdyr.

Ylmy işe ýolbaşçylyk edýän San Paulo uniwersitetiniň Arheologiýa we etnografýa muzeýiniň müdiri Eduardo Newes şäheriň XVII asyra degişlidigini çaklaýar.Onuň sözlerine görä, şäheriň bardygy ylym dünýäsine mälim bolup, käbir kartalarda gabat gelýärdi, emma anyk ýeri belli däldi.

Bu şäheri portugallar esaslandyrypdyr.Newes şäheriň terk edilenden soňra agaçlaryň basyp alandygyny we äpet daşlary ýokary galdyrandygyny belleýär.Ol şäheriň köçeleriniň nireden geçýändigini anyklandyklaryny aýdýar.Milli ylmy barlaglar merkeziniň barlaglar boýunça müdiri, professor Stefen Rosteýn bu şäheriň Amazonkadaky ähli ilatly ýerlerden has gadymydygyny aýdýar.

Artykmyrat GARAGULOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Tokaýlaryň çapylmagy sebitiň temperaturasyna uly täsir edýär
Perudaky buzluklaryň ýaryndan gowragy eredi
Braziliýada guraklyk sebäpli millionlarça adam ýitgi çekýär
2024-nji ýylyň tomsy çakdanaşa yssy bolar diýlip garaşylýar
Ýer ýüzüniň kindiwanja ýaşaýjylary
Dünýäniň iň güýçli 30 derýasy