Braziliýada guraklyk sebäpli millionlarça adam ýitgi çekýär

Braziliýada guraklyk sebäpli millionlarça adam ýitgi çekýär

Braziliýada dowam edýän rekord derejeli guraklykdan millionlarça adam ýitgi çekýär diýip, Habar 24 ýazýar.

Amazonka derýasynyň 4 sany iň uly akymynyň suwy soňky 50 ýylda iň pes derejede azaldy. Netijede, soýanyň 10 million tonna hasyly howp astynda galýar. Amazonas ştaty iň ýitgi çeken künjekdir. Ol ýerde sentýabrdan bäri adatdan daşary ýagdaý dowam edýär. Guraklyk derýa arkaly azyk harytlaryny we derman serişdelerini daşamakda kynçylyklary döretdi. Agyr hassalary dikuçarlarda äkidýärler.

Alymlar sebitiň 2024-nji ýylyň aýagynda başlanjak ýagyş möwsümi bilen bagly dikeljekdigini aýdýarlar. Guraklyk şeýle-de Wenesuela we Kolumbiýa aralaşdy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Tokaýlaryň çapylmagy sebitiň temperaturasyna uly täsir edýär
Ýer ýüzüniň iň gadymy derýasy
12-nji ýanwarda bolan wakalar
Ýer ýüzüniň kindiwanja ýaşaýjylary
Kolumbiýada harby uçaryň heläkçilige uçramagy netijesinde azyndan 66 adam ýogaldy
Perudaky buzluklaryň ýaryndan gowragy eredi