12-nji ýanwarda bolan wakalar

12-nji ýanwarda bolan wakalar

1616. Amazonka derýasynyň basseýninde portugaliýaly syýahatçy, döwlet işgäri Fransisko Kaldeýra Kaştelu Branku tarapyndan Belem şäheri esaslandyrylýar. Häzirki wagtda Braziliýanyň demirgazygyndaky Para ştatynyň paýtagty bolan port şäheri amatly geografik ýerleşişi sebäpli söwda babatda ösen şäherleriň biridir. Amazonka derýasynyň derwezesi hasaplanýan şäherde iri ýol-ulag infrastrukturasy bar.

1866. Londonda Patyşalyk Aeronawtika jemgyýeti döredilýär. RAeS diýlip gysgaldylýan gurama global derejede iş alyp barýan Britan jemgyýetdir. Täjirçilik maksatly bolmadyk gurama dünýäniň iň gadymy aeronawtika jemgyýeti hasaplanýar.

1915. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Wekiller palatasy zenanlara ses bermek hukugyny bermegi teklip edýän konstisusion üýtgeşmäni ret edýär. Şondan birnäçe ýyl soň 1919-njy ýylyň 21-nji maýynda zenanlara ses bermäge hukuk berýän degişli kanuna üýtgeşme girizmek Wekiller palatasy tarapyndan makullanyp, tassyklanmagy üçin ştatlara ugradylýar. 1920-njy ýylyň awgustynda iň soňky bolup, Tennessi ştatynda oňyn ses berilmegi bilen ýurduň Konstitusiýasynda gendere garamazdan, hemmelere ses bermäge hukuk berilýän kanun orun alýar.

1932. Hetti Karaweý ABŞ-nyň Senatyna saýlanan ilkinji zenan bolýar. Ol 1931-1945-nji ýyllar aralygynda Arkansasdan senator bolup, ýurduň ilkinji zenan syýasatçylarynyň biri bolýar.

Ýene degişli makalalar

Tokaýlaryň çapylmagy sebitiň temperaturasyna uly täsir edýär
Perudaky buzluklaryň ýaryndan gowragy eredi
Braziliýada guraklyk sebäpli millionlarça adam ýitgi çekýär
2024-nji ýylyň tomsy çakdanaşa yssy bolar diýlip garaşylýar
Ýer ýüzüniň kindiwanja ýaşaýjylary
Amazonkada gadymy şäher ýüze çykaryldy