Ahalyň gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky soňky garşydaşy belli boldy

Ahalyň Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky soňky garşydaşy belli boldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi.

Serdar Geldiýewiň şägirtleri şu gün Finlýandiýanyň Helsinki şäheriniň HIK topary bilen güýç synanyşar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 18:00-da başlanar.

Ýeri gelende bellesek, Ahal Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümine taýýarlyk görmek üçin Antalýa şäherinde guralan okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda şu wagta çenli 7 sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.Serdar Geldiýewiň şägirtleri şolaryň 1-inde ýeňiş gazandylar hem-de 6 oýunda ýeňlişe sezewar boldular.

Ahalyň garşydaşlary Ukrainanyň Obolon (1:3) we Aleksandriýa (0:3), Koreýa Respublikasynyň Gangwon (0:2), Özbegistanyň AGMK (0:3), Germaniýanyň Fraýberg (2:3), Latwiýanyň Riga (1:0) we Auda (0:1) toparlary boldy.

Maglumat üçin, Ahal geçen möwsümde Serdar Geldiýewiň tälimçilik etmeginde Türkmenistanyň Ýokary ligasynda 9 toparyň arasynda 4-nji orny eýeledi.

Ahal futbol kluby täze möwsümden öň özüniň logotipini hem üýtgetdi.

Topar täze möwsümde 2022-nji ýylda gazanylan çempionlyk titulyny yzyna gaýtarmagy meýilleşdirýär. Şu maksat bilen gyşky transfer möwsüminde topar öz düzümini alty sany oýunçy bilen güýçlendirdi.Has takygy, Azizbek Bekçanow we Ylýas Çaryýew (ikisi hem Köpetdagdan), Igor Sekow we Ýagşysähet Döwletgeldiýew (ikisi hem Merwden), Akmämmet Metdäýew (Nebitçiden), şeýle-de Şyhdurdy Amandurdyýew (Şagadamdan) Ahalyň düzümine goşuldy.

Ahalyň gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky soňky garşydaşy belli boldy

Ahalyň Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilýän gyşky okuw-türgenleşik ýygnanyşygyndaky soňky garşydaşy belli boldy. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi.

Serdar Geldiýewiň şägirtleri şu gün Finlýandiýanyň Helsinki şäheriniň HIK topary bilen güýç synanyşar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 18:00-da başlanar.

Ýeri gelende bellesek, Ahal Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsümine taýýarlyk görmek üçin Antalýa şäherinde guralan okuw-türgenleşik ýygnanyşygynyň dowamynda şu wagta çenli 7 sany ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi.Serdar Geldiýewiň şägirtleri şolaryň 1-inde ýeňiş gazandylar hem-de 6 oýunda ýeňlişe sezewar boldular.

Ahalyň garşydaşlary Ukrainanyň Obolon (1:3) we Aleksandriýa (0:3), Koreýa Respublikasynyň Gangwon (0:2), Özbegistanyň AGMK (0:3), Germaniýanyň Fraýberg (2:3), Latwiýanyň Riga (1:0) we Auda (0:1) toparlary boldy.

Maglumat üçin, Ahal geçen möwsümde Serdar Geldiýewiň tälimçilik etmeginde Türkmenistanyň Ýokary ligasynda 9 toparyň arasynda 4-nji orny eýeledi.

Ahal futbol kluby täze möwsümden öň özüniň logotipini hem üýtgetdi.

Topar täze möwsümde 2022-nji ýylda gazanylan çempionlyk titulyny yzyna gaýtarmagy meýilleşdirýär. Şu maksat bilen gyşky transfer möwsüminde topar öz düzümini alty sany oýunçy bilen güýçlendirdi. Has takygy, Azizbek Bekçanow we Ylýas Çaryýew (ikisi hem Köpetdagdan), Igor Sekow we Ýagşysähet Döwletgeldiýew (ikisi hem Merwden), Akmämmet Metdäýew (Nebitçiden), şeýle-de Şyhdurdy Amandurdyýew (Şagadamdan) Ahalyň düzümine goşuldy.

Ýene degişli makalalar

Milli ýygyndymyz nobatdaky duşuşyklaryna häzirden taýýarlyk görýär
Saz sungatynyň çeşmelerine bagyşlanan halkara forumy tamamlandy
05.11.2019 | Türkmenistanda halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat geçirilýär
Türkmenistanda halkara kitap sergi-ýarmarkasy we ylmy maslahat geçirilýär
Täze ýyl jaz sazlary: Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr saz muşdaklaryna meşhur aýdym-sazlary we täze sazlaryň üçüsini peşgeş etdi
Ähli wagtlaryň iň köp tomaşa edilen wideosy