“Ahal” “Alaý” bilen duşuşar

Ýurdumyzyň wise-çempiony “Ahal” AFK-nyň Kubogy ýaryşynyň 1-nji saýlama tapgyrynda Gyrgyz Respublikasynyň “Alaý” topary bilen duşuşar.Iki toparyň arasyndaky 1-nji oýun 20-nji fewralda Gyrgyz Respublikasynyň Oş şäheriniň A.

Suýumbaýew adyndaky stadionynda geçiriler.Omanly Omar Al-Ýakubynyň eminlik etjek oýny Aşgabat wagty bilen 13:00-da başlanar.Iki topar geçen möwsümde toparçalarda duşuşypdy. Şonda ildeşlerimiz Aşgabatda 50, myhmançylykda-da 32 hasabynda ýeňiş gazanypdy.

Jogap duşuşygy-da 27-nji fewralda paýtagtymyzda oýnalar.Bu duşuşykda bolsa, Saud Arabystanyndan Mohammed Al-Hoiş eminlik eder.Iki duşuşygyň netijesi boýunça ýeňiş gazanan topar pleý-off tapgyrynda Täjigistanyň “Hujand” topary bilen toparçalarda çykyş etmek üçin güýç synanyşar.

Bu oýunlar 6-njy martda 1-nji tapgyrda ýeňiş gazanan toparyň meýdançasynda, 13-nji martda-da Täjigistanda oýnalar.Netijede, pleý-offuň ýeňijisi “D” toparçada çykyş etmäge hukuk gazanar.

Bu toparçada bolsa, ýurdumyzyň çempiony, AFK Kubogy 2018-iň finalçysy “Altyn asyr”, Gyrgyz Respublikasynyň çempiony “Dordoý” hem-de Täjigistanyň çempiony “Istiklol” toparlary bar. Şu ýerde “Istiklolyň” AFK Çempionlar ligasynyň 2-nji saýlama tapgyryna gatnaşandygyny hem belläp geçeliň.

Täjik topary AFK Çempionlar ligasynyň 2-nji saýlama tapgyrynda Özbegistanyň AGMK topary (ozalky “Almalyk”) bilen duşuşyp, 42 hasabynda ýeňildi. “D” toparçanyň duşuşyklaryna 3-nji aprelde badalga berler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Merkezi Aziýada iň köp top geçiren oýunçy boldy
AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021-iň bije çekilişigi üçin sebetler düzüldi
Ahalyň Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary 24-nji awgustda belli bolar
Ronaldunyň, Benzemanyň ýa-da Neýmaryň Türkmenistana gelmegi mümkin
“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder
UEFA Çempionlar Ligasynyň iň köp gol geçiren oýunçysy Ronaldonyň AFK Çempionlar Ligasyndaky ilkinji goly