UEFA Çempionlar Ligasynyň iň köp gol geçiren oýunçysy Ronaldonyň AFK Çempionlar Ligasyndaky ilkinji goly

AFK Çempionlar Ligasynda toparçalardaky 2-nji duşuşyklara badalga berildi.E toparçada Saud Arabystanynyň wekil Al Nassr topary öz meýdançasynda Täjigistanyň Istiklol topary bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda myhmanlar 1-nji ýarymda 1-0 öňe saýlandy.

Bu goly 44-nji minutda täjik klubunyň kot-d’iwuarly hüjümçisi Senin Sebai geçirdi. Ýöne 2-nji ýarymda has gysyş görkezen arap kluby ýyldyzlarynyň gollary bilen ýeňiş gazanmagy başardy. 66-njy minutda super ýyldyz Kristiano Ronaldo hasaby deňledi. 72-nji minutda Anderson Talişka Al Nassr toparyny öňe çykaryp, ol 77-nji minutda-da oýna soňky nokady goýdy. Şunlukda, 3-1 hasabynda ýeňiş gazanan Al Nassr 2-nji duşuşygynda-da 3 utugy almagy başardy.

Duşuşykda portugaliýaly super ýyldyz Kristiano Ronaldo AFK Çempionlar Ligasyndaky ilkinji goluny geçirdi. Toparçadaky beýleki duşuşykda Persepolis (Eýran) myhmançylykda Al-Duhail (Katar) toparyny Alişahyň 63-nji minutdaky goly bilen 1-0 utdy.

AFK Çempionlar Ligasynda C toparçada Özbegistanyň AGMK topary öz meýdançasynda Yragyň Al-Kuwa Al-Jawiýa toparyndan 2-1 asgyn geldi. Sepahan bilen Al-Ittihadyň arasyndaky oýun käbir sebäplere görä geçirilmedi. Netijede, Eýranyň Sepahan toparyna 3-0 tehniki ýeňlişiň berilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

“Ahal” AFK Çempionlar Ligasynda “A” toparçada çykyş eder
AFK Çempionlar Ligasynda “Al-Ain” bilen “Phohan Stilers” 1/8 finala çykan ilkinji klublar boldy
“Ahal” “Alaý” bilen duşuşar
Milli ýygyndymyz nobatdaky duşuşyklaryna häzirden taýýarlyk görýär
Çydamly telefonlary öndürýär
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Merkezi Aziýada iň köp top geçiren oýunçy boldy