Çydamly telefonlary öndürýär

AGM atly şereket dürli şertlere çydamly telefony satuwa çykardy. “AGM M5” atly telefon suwa, tozana we urga çydamly bolmagy bilen tapawutlanýar.Düwmeleriniň bardygyna garamazdan telefonyň ekranynda sensor hem göz öňünde tutulypdyr.

Aragatnaşygyň 4-nji nesli bilen enjamlaşdyrylan telefon 1GB RAM we 8GB içki ýat bilen üpjün edilipdir. “Anroid” amaly ulgamynda işleýän telefon arkaly “WhatsApp” we “Facebook” applikasiýalaryndan hem peýdalanyp bolýar.

Daşyndan göreniňde örän ýönekeýje ýaly bolup görünýän mobil enjamyň agramy 150 grama, ululygy 155×63,4×16 millimetre barabar. Şereket “AGM X5” atly 5G-li smartfony hem satuwa çykarmaga taýýarlanýar. Şeýle hem orta derejeli “AGM A10” atly telefon hem satuwa çykarylar.

Ýene degişli makalalar

“Ahal” “Alaý” bilen duşuşar
Milli ýygyndymyz nobatdaky duşuşyklaryna häzirden taýýarlyk görýär
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Merkezi Aziýada iň köp top geçiren oýunçy boldy
AGMK bilen Pahtakor Özbegistanyň kubogynyň finalyna çykdy
Maşynyň gyşda hem ilkinji gezekde otlanmagy üçin näme etmeli?
Sogdiana Arslanmyrat Amanow bilen gyzyklanýar