AGMK bilen Pahtakor Özbegistanyň kubogynyň finalyna çykdy

AGMK bilen Pahtakor Özbegistanyň kubogynyň finalyna çykdy

Almalyk şäheriniň AGMK futbol topary Özbegistanyň kubogynyň ýarymfinalynda Garşy şäheriniň Nasafyndan 1:0 hasabynda üstün çykyp, ýaryşyň finalyna çykdy. Duşuşykdaky ýeke-täk pökgini 16-njy minutda Bahrom Abdurahimow geçirdi.

AGMK finalda ýurduň çempiony Pahtakor bilen güýç synanyşar. Final duşuşygynda Özbegistanyň taryhynda ilkinji gezek VAR tehnologiýasyndan peýdalanmak meýilleşdirilýär.

AGMK finala barýan ýolda Lokomotiwi, Metallurgy we Nasafy ýeňdi. Pahtakor bolsa Sogdianany, Kyzylkumy we Kokand 1912-ni ýaryşdan çykardy.

AGMK-de türkmenistanly ýarym goragçy Arslanmyrat Amanowyň çykyş edýändigini ýatladýarys.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysynyň çykyş edýän topary ýeňiş gazandy
Nasafyň baş tälimçisi: Ahal bilen boljak duşuşyga ýokary depginde taýýarlyk görýäris
Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow Ahalyň düzümine goşuldy
Türkmenistanyň kubogy ― 2021: Arslanmyrat Amanow Ahalyň düzüminde ilkinji gollaryny geçirdi
“Ahal” “Alaý” bilen duşuşar
Milli ýygyndymyz nobatdaky duşuşyklaryna häzirden taýýarlyk görýär
Çydamly telefonlary öndürýär