Özbegistanyň Superligasynyň 15-nji tapgyrynyň duşuşygyndan soňra (AGMK - Nasaf 1:1), Nasaf toparynyň baş tälimçisi Rozkul Berdiýew AFK-nyň kubogynda Ahal bilen boljak duşuşyk baradaky pikirlerini paýlaşdy. Bu barada Sport media neşiri habar berýär.
Ilkibaşda tälimçiden şu möwsümde toparyň öz öňünde goýan esasy maksady hakynda soranlarynda, ol AFK-nyň kubogyny gazanmakdygyny belläp geçdi.
Dogry, özbek topary bu halkara ýaryşda esasy dalaşgär hasap edilýär, emma topar täze möwsümde (möwsüm arakesmesinden soň) geçiren soňky üç oýnundan soň, bary-ýogy 1 utuk gazandy.
Žurnalistleriň, Bu ýagdaý Türkmenistanyň Ahal topary bilen boljak möhüm duşuşygyna ruhy ýagdaýda ýaramaz täsir etmezmi? diýen soragyna tälimçi: Ýok, şu wagt hemmesi öz ýerinde. Biz bijä görä yzly-yzyna güýçli garşydaşlara gabat geldik, oglanlar oýundan-oýuna özlerini ele alýarlar. Olar her oýunda ýokary netije üçin hereket edýärler diýip, jogap berdi.
Bilşimiz ýaly, Nasaf, türkmen topary bilen oýnamazyndan öňünçä, super ligada ýene-de bir oýun geçirmeli we bu oýunda Ahal bilen boljak oýun sebäpli köp futbolçylary aýamak, ýagny meýdana esasy düzümi düşürmezlik meýliňiz barmy?
diýip, berlen soraga bolsa, tälimçi: Ýok, bizde edil beýle eder ýaly giň mümkinçilik ýok.Tersine, Metallurg bilen boljak oýun, Ahal bilen oýnumyza iň esasy taýýarlyk wezipesini ýerine ýetirer diýip pikir edýärin.
Diňe bir zady aýdyp bilerin.Häzirki derwezeban bilen Nemotowyň derejesini deň hasap etsem hem, men ýene şikes bolmadyk ýagdaýynda AFK-nyň kubogynda Abduwohid Nemotowy esasy düzüme düşürmekçi diýdi.
Bilşimiz ýaly, Ahal we Nasaf toparlarynyň arasyndaky oýun, şu aýyň 25-ine özbek toparynyň meýdanynda geçirilip, şol (bir duşuşyk) oýnuň netijesinde hem ýaryşy dowam etjek topar kesgitlener. Häzirki wagtda Aşgabadyň Ahal topary hem ýaryşa güýçli depginde taýýarlyk görýär.
