Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň we Ahalyň ýarym goragçysy Arslanmyrat Amanow häzirki toparynyň düzüminde ilkinji gollaryny geçirdi.
Onuň soňky ýyllarda Özbegistanyň Lokomotiw, AGMK, Sogdiana ýaly toparlarda çykyş edendigini we şu ýyl ýurdumyza dolanyp, Ahalyň düzümine goşulandygyny ýatladýarys.
Tejribeli ýarym goragçy toparynyň Türkmenistanyň kubogynyň çärýek finalynda Aşgabat bilen geçiren duşuşygynda iki gezek tapawutlanyp, gazanylan ýeňşe uly goşant goşdy.
Arslanmyrat Amanowyň Türkmenistanyň çempionatynyň täze möwsüminde heniz goly ýok.
