Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow Ahalyň düzümine goşuldy

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň kapitany Arslanmyrat Amanow Ahalyň düzümine goşuldy

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Arslanmyrat Amanow hünär ýoluny ýurdumyzyň wise-çempiony “Ahal” futbol klubunda dowam eder. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berildi.

GOÝÇÝSM-yň uçurymy bolan Arslanmyrat Amanow dürli ýyllarda Türkmenistanyň çempionatynda “Altyn Asyr”, “Aşgabat”, HTTU, Gazagystanyň çempionatynda “Okjetpes”, “Irtyş”, Özbegistanyň çempionatynda “Lokomotiw”, “Buhara”, AGMK hem-de “Sogdiana” toparlarynda çykyş etdi.

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2009-njy ýyldan bäri çykyş edip gelýär. 2019-njy ýylda BAE-de geçirilen Aziýa Kubogynyň final tapgyrynda çykyş eden Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň esasy oýunçysy hökmünde meýdana çykdy.

Ýeri gelende bellesek, A.Amanow şu möwsümiň birinji ýarymynda Özbegistanyň “Sogdiana” toparynda çykyş etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň kubogy ― 2021: Arslanmyrat Amanow Ahalyň düzüminde ilkinji gollaryny geçirdi
“Ahal” “Alaý” bilen duşuşar
Milli ýygyndymyz nobatdaky duşuşyklaryna häzirden taýýarlyk görýär
Çydamly telefonlary öndürýär
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Merkezi Aziýada iň köp top geçiren oýunçy boldy
AGMK bilen Pahtakor Özbegistanyň kubogynyň finalyna çykdy