Sogdiana Arslanmyrat Amanow bilen gyzyklanýar

Sogdiana Arslanmyrat Amanow bilen gyzyklanýar

Türkmenistanly ýarym goragçy Arslanmyrat Amanowyň gyşky transfer penjiresinde AGMK bilen hoşlaşmagy mümkin. Özbegistanyň başga bir futbol topary ― Sogdiana 30 ýaşly ýarym goragçy bilen gyzyklanýar ― diýip, championat.asia habar berýär.

Iki möwsümden bäri ýurduň Super ligasynda çykyş edip gelýän Sogdiana gyşky transfer penjiresinde düzümini güýçlendirmegi meýilleşdirýär. Ýeri gelende aýtsak, Özbegistanda transfer penjiri şu gün resmi taýdan açyldy. Klublar täze futbolçylary bilen şertnamalary 12-nji marta çenli baglaşyp bilerler.

Toparyň baş tälimçisi Ulugbek Bakaew Arslanmyrat Amanow bilen 2018-nji ýylda Buhara tälim berýärkä hem işleşipdi. Şonuň üçin hem ony Sogdianada görmek teklibi baş tälimçiden gelen bolmagy hem ahmal.

Ildeşimiziň geçen möwsümde AGMK-niň düzüminde 23 duşuşyga çykandygyny ýatladýarys. Ol 1025 minut futbol oýnap, garşydaş derwezelere 2 pökgi geçirdi. Arslanmyrat Amanow AGMK bilen Özbegistanyň çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Arslanmyrat Amanow Sogdiananyň Daşkentdäki türgenleşiklerine goşuldy
“Ahal” “Alaý” bilen duşuşar
Milli ýygyndymyz nobatdaky duşuşyklaryna häzirden taýýarlyk görýär
Çydamly telefonlary öndürýär
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Merkezi Aziýada iň köp top geçiren oýunçy boldy
AGMK bilen Pahtakor Özbegistanyň kubogynyň finalyna çykdy