Arslanmyrat Amanow Sogdiananyň Daşkentdäki türgenleşiklerine goşuldy

Arslanmyrat Amanow Sogdiananyň Daşkentdäki türgenleşiklerine goşuldy

Sogdiana futbol topary Özbegistanyň çempionatynyň täze möwsümine taýýarlyklara girişdi ― diýip Championat.asia habar berýär. Topar Daşkentdäki Pahtakor stadionynda türgenleşýär.

Toparyň ilkinji türgenleşiklerine türkmenistanly ýarym goragçy Arslanmyrat Amanow hem gelip goşuldy. Onuň ýakynda toparyň düzümine ymykly goşulmagyna garaşylýar.

Toparyň baş tälimçisi Ulugbek Bakaew Arslanmyrat Amanow bilen 2018-nji ýylda Buhara tälim berýärkä hem işleşipdi. Şonuň üçin hem ony Sogdianada görmek teklibi baş tälimçiden gelen bolmagy hem ahmal.

Ildeşimiziň geçen möwsümde AGMK-niň düzüminde 23 duşuşyga çykandygyny ýatladýarys. Ol 1025 minut futbol oýnap, garşydaş derwezelere 2 pökgi geçirdi. Arslanmyrat Amanow AGMK bilen Özbegistanyň çempionatynyň bürünç medalyna mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Sogdiana Arslanmyrat Amanow bilen gyzyklanýar
“Ahal” “Alaý” bilen duşuşar
Milli ýygyndymyz nobatdaky duşuşyklaryna häzirden taýýarlyk görýär
Çydamly telefonlary öndürýär
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Merkezi Aziýada iň köp top geçiren oýunçy boldy
AGMK bilen Pahtakor Özbegistanyň kubogynyň finalyna çykdy