“Ahal” AFK Çempionlar Ligasyna ýeňiş bilen başlady

Aziýanyň klublar boýunça iň uly ýaryşy bolan AFK Çempionlar Ligasynda ýurdumyzyň adyndan wekilçilik edýän soňky çempion “Ahal” topary ilkinji duşuşygynda ýeňiş gazandy. “A” toparçada “Aşgabat” köpugurly stadionda 20 müňe golaý janköýeriň şaýatlygynda Saud Arabystanynyň Kubogynyň eýesi “Al-Feýha” topary bilen duşuşdy. Çekeleşikli geçen oýunda “Ahal” topary 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy. 1-nji ýarymy golsuz tamamlanan duşuşykda “Ahal” toparyna ýeňiş getiren ýeke-täk goly 51-nji minutda uzak aralykda owadan urgy bilen Elman Tagaýew geçirdi.

Duşuşygyň galan minutlarynda-da hasap üýtgemedi.Netijede, 1-0 hasabynda üstün çykan “Ahal” topary AFK Çempionlar Ligasyndaky 2-nji ýeňşini gazandy. “Ahal” topary geçen möwsümde Kataryň “Al-Garafa” toparyny 4-2 hasabynda ýeňipdi.

Toparçadaky beýleki duşuşykda-da Özbegistanyň “Pahtakor” topary öz meýdançasynda BAE-niň “Al-Ain” toparyndan 3-0 hasabynda asgyn geldi. Abu-dabililere ýeňiş getiren gollary Laba bilen Al-Baloçi derwezä girizdi.

Toparçada 1-nji oýunlardan soň “Al-Ain” 1-nji, “Ahal” 2-nji orunda barýar. Toparçadaky 2-nji duşuşyklar 3-nji oktýabrda oýnalar. Şonda “Ahal” myhmançylykda “Al-Ain” bilen, “Al-Feýha” bolsa öz meýdançasynda “Pahtakory” kabul eder.

Ýene degişli makalalar

Saud Arabystanynyň 4 kluby hem 1/8 finala çykdy
AFK Çempionlar Ligasynda “Al-Ain” bilen “Phohan Stilers” 1/8 finala çykan ilkinji klublar boldy
Trendýol Super Liganyň 25-nji hepdesi tamamlandy
Trendýol Super Liganyň 32-nji hepdesi tamamlandy
Depen topy gol bolýan hüjümçi Harri Keýn (makala)
27-nji ýanwarda Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal