“Altyn asyr” bilen “Dordoý” iň köp oýunçy iberen klublar

Çempionata iň köp futbolçy ugradan klublar ýurdumyzyň çempiony, AFK Kubogynyň finalçysy “Altyn asyr” bilen Gyrgyz Respublikasynyň “Dordoý Bişkek” toparlarydyr.Iki toparyň-da 11 futbolçysy 17-nji Aziýa Kubogynda çykyş eder. 10 futbolçy ugradan Kataryň “Al-Sadd” toparlary 2-nji hatarda barýar.

Filippinleriň “Seres-Negros” toparyndan 9 futbolçy sanawa çagyrylypdyr.Iordaniýanyň “Al-Faýsaly” klubunyň-da 8 futbolçysy çempionatda çykyş eder. Ýurdumyzyň wise-çempiony “Ahaldan”, şeýle-de “Al-Riffadan” (Bahreýn), “Ahedden” (Liwan), “Al-Hilaldan” (S.

Arabystany), “Buriram Ýunaýtedden” (Tailand), “Al-Ainden” (BAE), “Ha Noiden” (Wýetnam) 7 futbolçyny tälimçiler ýygyndylarynyň düzümine goşdy.Umumylykda alnanda, AFC-dan 466 (Aziýa), UEFA-dan 72 (Ýewropa), CAF-dan 4 (Afrika), CONMEBOL-dan 3 (G.

Amerika) hem-de CONCACAF-dan 1 (D.Amerika) futbolçy bar.Iň köp Katar döwletiniň klublaryndan futbolçy çagyrylypdyr. Ýagny Katar klublarynda oýnaýan 47 futbolçy Aziýa Kubogynda çykyş eder.

Saud Arabystanynyň klublaryndan 31, Tailanddyr BAE-niň toparlaryndan 27, Hytaýyň klublaryndan hem 26 futbolçy sanawa alyndy.

Ýene degişli makalalar

Ikisi-de ilkinji gezek finalda
Saud Arabystanynyň 4 kluby hem 1/8 finala çykdy
Ahalyň Çempionlar ligasyndaky garşydaşlary 24-nji awgustda belli bolar
Ronaldunyň, Benzemanyň ýa-da Neýmaryň Türkmenistana gelmegi mümkin
Türkmenistanyň wise-çempiony Ahal AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder
AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2021-iň bije çekilişigi üçin sebetler düzüldi