Dünýä Kubogynyň finaly: “Liwerpul”“Flamengo”

Katarda geçirilýän FIFA Klublar arasy Dünýä Kubogy ýaryşynyň finalynda “Liwerpul” bilen “Flamengo” toparlary duşuşarlar. Final duşuşygy şu gün Kataryň paýtagty Dohadaky “Khalifa International” stadionynda oýnalar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 22:30-da başlar.

“Liwerpul” ýarym finalda Meksikanyň “Monterreý” toparyny 21 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 12-nji minutda Nabi Keita “Liwerpuly” öňe saýlady. Ýöne latyn amerikalylaryň jogaby gijikmedi. 2 minutdan soň, Funes Mori hasaby deňledi.

Iňlis toparyna ýeňiş getiren pökgini 90+1-nji minutda oýna soň giren Roberto Firmino öz adyna ýazdyrdy.Beýleki ýarym finalda-da Braziliýanyň “Flamengosy” Aziýanyň çempiony “Al-Hilal” toparyny 31 hasabynda ýeňdi. Çekeleşikli we dartgynly geçen oýunda ilki bolup hasaby arap topary açdy. 18-nji minutda Al-Dawsari “Al-Hilaly” öňe saýlady. Ýöne 2-nji ýarymda tijenen braziller 3 gol geçirip, finala çykmagy başardy. “Flamengonyň” gollaryny 48-nji minutda De Arraskaeta, 78-nji minutda Bruno Henrike hem-de 82-nji minutda Al-Bulaihi (ö.d.) geçirdi.

Şeýle-de 5-nji ýer üçin geçirilen duşuşykda Tunisiň “Esperans” topary ýerli “Al-Sadd” toparyndan 62 üstün çykdy (Elhuni 6, 42, 74, Badri 13, 25 p, Derbali 87 — Bunedjah 32 p, Al-Haýdos 49 p).

Ýene degişli makalalar

Günüň transfer täzelikleri
“Bundesliganyň” täze möwsümi
120-nji möwsüme badalga berler
Transfer täzelikleri
FUTBOL BAÝRAMÇYLYGY DOWAM EDÝÄR
RONALDONYŇ 50-nji HET-TRIGI