Günüň transfer täzelikleri

Liwerpul toparynyň gwineýaly ýarymgoragçysy Nabi Keita 4 ýyldan soň Bundesliga dolandy. 28 ýaşyndaky oýunçy Bremen şäheriniň Werder kluby bilen şertnama baglaşdy.Nemes kluby Keitany tölegsiz düzümine goşdy.

Liwerpul bilen şertnamasy tamamlanan Keita 129 oýunda 11 gezek tapawutlandy.Keita Liwerpuldan öň Leipsigde çykyş edipdi.Leipsigde 2 möwsümde 71 oýunda 17 gol geçirdi.Ol Leipsigden öň 2 möwsüm RB Salsburgda oýnapdy.

***

Premier Ligadan aşaky liga düşen Lester Siti toparynyň belgiýaly ýarymgoragçysy Ýuri Tilemans mundan soň karýerasyny Aston Willada dowam etdirer. Lester bilen şertnamasy tamamlanan 26 ýaşyndaky oýunçynyň 1-nji iýulda Aston Willa bilen şertnama baglaşjakdygy habar berildi. Lesterden öň Anderleht we Monako klublarynda oýnan Tilemans iňlis klubunda 2019-njy ýylyň gyşyndan bäri çykyş edip gelýärdi.

***

Portugaliýanyň çempiony Benfika topary Niderlandlaryň çempiony Feýenoordyň türkiýeli ýarymgoragçysy Orkun Kökçüni transfer etdi. Portugal kluby 22 ýaşyndaky oýunçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Benfika topary bu transfer üçin rotterdamlylara 25+5 million ýewro tölär. Kökçü geçen möwsümde 46 oýunda 12 gol geçirip, 5 goluň pasyny berdi.

Ýene degişli makalalar

120-nji möwsüme badalga berler
Dünýä Kubogynyň finaly: “Liwerpul”“Flamengo”
“Bundesliganyň” täze möwsümi
Transfer täzelikleri
Ikinji tapgyrda 5 ýurduň wekili çykyş eder
Sportuň taryhynda bu hepde