120-nji möwsüme badalga berler

Futbol muşdaklarynyň iň söýgüli ligasy bolan Angliýanyň “Premier ligasynyň” täze möwsümine 10-njy awgustda badalga berler. “Premier liganyň” 27-nji, umumylykda-da Angliýanyň ýokary ligasynyň 120-nji möwsüminiň ilkinji duşuşygynda “Mançester Ýunaýted” öz meýdançasynda “Lester Sitini” kabul eder. 20 toparyň arasynda soňky çempion “Mançester Siti”, onuň şäherdeşi “Ýunaýted”, owadan oýunlary bilen janköýerleri özüne bendi eden “Liwerpul” çempionlygyň esasy dalaşgärleri diýlip görkezilýär.

Londonyň toparlaryndan Sarrini tälimçilige bellän “Çelsi” bilen 22 ýyllyk tälimçisi Arsen Wengeriň ornuna Unaý Emerini getiren “Arsenal” klublary-da çempionlygyň beýleki dalaşgärleridir.Poçettinonyň tälimçiliginde 4-nji möwsümine gadam basan “Tottenham” toparyny-da bu sanawa goşmak bolar.

Güýçli tälimçileriň ligasyFutboly döreden iňlisler hem bolsalar, olar tälimçilikde azda-kände yza galýar diýsek, öte geçdigimiz bolmaz.Aslynda, Angliýanyň ýokary ligasyndaky 20 tälimçiniň köpüsi, aýratynam, daşary ýurtlular dünýäniň iň öňdebaryjy tälimçileri hasaplanýar.

Guardiola, Klopp, Mourinio, Poçettino, Pellegrini, Sarri, Emeri, Benites ýaly tanalýan meşhur tälimçiler “Premier liganyň” klublaryna tälim berýär. “Premier ligadaky” 20 toparyň diňe 4 sanysynyň tälimçisi iňlis bolup, galany beýleki ýurtlaryň wekilleridir.

Galan 16 tälimçiniň 4-si ispan, 3-si portugal tälimçilerdir. Şol sanda Germaniýadyr Italiýadan, Fransiýadan, Argentinadan, Çiliden, ABŞ-dan, Serbiýadan hem-de britan ýurtlary Irlandiýa bilen Uelsdenem 1 tälimçi bar. Şeýle-de, bu möwsümdäki tälimçileriň 4-si ilkinji gezek “Premier ligada” özüni görkezer.“MAN.

SITI”: Pep Guardiolanyň tälimçiliginde geçen möwsümde birnäçe rekord görkezijiler bilen çempionlyk gazanan “Siti” bu ýylam çempionlygyň iň esasy dalaşgäri. Ýoldaşlyk duşuşyklarynda esasy oýunçylarynyň Dünýä Kubogyna gatnaşandygy sebäpli pesräk netijeleri görkezen “Siti” topary “Lesteriň” ýyldyzy Riýad Mahrezi transfer etdi.

Täze möwsümde-de tälimçi Guardiola esasy 2 ýaryşda “Premier liga” we Çempionlar ligasynda Sane, Aguero, Žesus, Sterling, De Bruýne, B.Silwa, D.Silwa, Kompani ýaly ýyldyzlaryna bil baglaýar.“MAN. ÝUNAÝTED”: Aleks Fergusondan soň, çempionlyk ýaryşynyň uzagynda galan “Ýunaýted” Mourinio bilen täzeden öňki günlerine dolanmagyň arzuwynda.

Tejribeli tälimçiniň ýolbaşçylygynda 2 möwsümde çempionlyk gazanyp bilmedik “Ýunaýted” tomusky transfer möwsüminde braziliýaly Fredi, portugaliýaly goragçy Daloty hataryna goşdy.Blind we Kerrik ýaly oýunçylaram klubdan gitdi.Mourinionyň-da klubdaky gelejegi täze möwsümiň netijesine bagly bolup durýar.

Pogba, Sançes, Lingard, Mata, Lukaku, Reşford, Fellaini, Matiç ýaly oýunçylardan janköýerleriň tamasy uly.“LIWERPUL”: Çempionlar ligasynyň finalçysy “Liwerpulyň” “Premier ligada” ýeňiji bolmagynyň wagty geldi, hatda geçibem barýar. “Premier liga” diýlip at goýlany bäri çempionlyk gazanyp görmedik “Liwerpuldan” Kloppuň tälimçiliginde uly başarnyklara garaşýanlaryň sany az däl.

Salah, Mane, Firmino, Milner, Wiýnaldum, Henderson, Wan Diýk, Arnold ýaly oýunçylarynyň hataryna Allison, Şakiri, Fabinip, Nabi Keita dagyny goşan “Liwerpulyň” esasy maksady “Premier ligada” ýeňiş gazanmak.LONDONLYLAR: Ýokarda ady agzalan 3 klubuň garşysyna paýtagt London hem 3 topary bilen çempionlyk göreşine goşular.

Konteniň ornuna Sarrini tälimçilige bellän “Çelsi”, Wengerden soň, nähili oýun görkezjekdigi hemmäni gyzyklandyrýan “Arsenal” hem-de owadan oýny bilen taraply-tarapsyz janköýerleriň uly söýgüsini gazanan “Tottenham” toparlary çempionlyk göreşinden daşda durmasa gerek. “Çelsi” eger-de käbir ýyldyzlaryny “Real Madride” ugratman saklap bilse, Sarriniň tälimçiliginde şowly oýun görkezip biler.

Londonlylar häzirlikçe Jorjiniodan başga bellärlikli oýunçy transfer etmedi.Özil, Obameýang, Lakazett, Mhitarýan, Remzi, Džaka ýaly oýunçylarynyň hataryna Lihtştaýner, Leno, Sokratis, Torreiro ýaly ortatap futbolçylary goşan Emeriniň tälimçiligindäki “Arsenal” bilini berk guşamasa, çempionlyk ýaryşynyň daşynda galyp biler.Poçettinonyň tälimçiliginde owadan oýun görkezýän “Tottenham” topary Keýn, Hyn-min Son, Dele Alli, Eriksen, Trippier, Lamela ýaly oýunçylaryna bil baglaýar.

Häzirlikçe bir oýunçy hem transfer etmedik “Tottenhamyň” muňa garamazdan, öňdäki 4 orun üçin ýiti göreş alyp barjakdygy ikuçsuzdyr.Paýtagtyň ýene bir topary “West Ham” kluby-da transfer möwsüminiň iň önjeýli toparlaryndan bolup, çilili Manuel Pellegrinini tälimçilige belledi.

Issa Diop, Fabianski, Jek Wilşer, Andreý Ýarmolenko, Felipe Anderson, Fabian Balbuena ýaly tanalýan oýunçylary transer eden klubuň nähili oýun görkezjekdigi köpleri eýýämden içgin gyzyklandyrýar.Liganyň täze wekilleri “Wolwerhampton” 7 ýyldan soň, ýokary liga dolandy.

Uelsiň topary “Kardiff Siti” hem aşaky ligany 2-nji hatarda tamamlap, 2013/14 möwsüminden soň, ýene-de “Premier ligada” çykyş etmäge hukuk gazandy.Liganyň ýene bir täze topary-da Londonyň “Fulham” kluby pleý-offlarda üstün çykyp, 4 möwsümden soň “Premier liga” gaýdyp geldi.

Ýene degişli makalalar

IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi
Transfer täzelikleri
Tanymal tälimçileriň täze toparlary
Ýewropa ligasynyň ýeňijisi “Çelsi”
“Premier Ligada” ýylyň tälimçisi we ýylyň futbolçysy belli boldy
Serie A-nyň 90-njy möwsümi başlaýar