Tanymal tälimçileriň täze toparlary

Ýewropa ýurtlarynda milli çempionatlaryň tamamlanmagyndan soň, birnäçe topar tälimçisini çalyşdy. “Serie A-da” çempionlygy soňky tapgyrlarda “Ýuwentusa” aldyran “Napoli” topary tälimçisi Maurizio Sarrini bitiren hyzmatlary üçin minnetdarlyk bildirip, wezipesinden boşatdy.

Toparyň prezidenti Aurelio de Laurentis 59 ýaşly Sarriniň ornuna 58 ýaşly Karlo Ançelottiniň tälimçilige bellenendigini habar berdi.Italiýada “Parma”, “Ýuwentus”, “Milan” ýaly klublarda işlän Ançelotti 3 ýyllyk geleşige gol çekdi.* Londonyň “Arsenaly” 22 ýyllyk tälimçisi Arsen Wengeriň ornuna ispaniýaly Unaý Emerini wezipä belledi. 46 ýaşly Emeri 2 ýyllyk şertnama baglaşdy.* Möwsümi 4-nji hatarda tamamlan Dortmundyň “Borussiýasynda-da” tälimçi çalşyldy.

Awstriýaly Piter Stogeriň ornuna şweýsariýaly Lusien Fawr toparyň täze tälimçisi boldy. 2 möwsüm Fransiýanyň “Nissa” toparynda işlän 60 ýaşly Fawr 2020-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama gol çekdi.Ol “Bundesligada” “Herta”, “Borussiýa M.” toparlaryna-da tälim beripdi.* Çilili tälimçi Manuel Pellegrini ýene-de “Premier liga” dolandy. 2 ýyldan bäri “Hebei Çaýna Fortuna” (Hytaý) toparyna tälim berýän 64 ýaşly Pellegrini “West Ham” bilen 1 ýyllyk şertnama baglaşdy.

Pellegrini 2014-nji ýylda “Mançester Sitä” çempionlyk gazandyrypdy.* PSŽ topary Unaý Emeriniň ornuna germaniýaly Tomas Tuheli wezipä belledi. “Maýns”, “Borussiýa Dortmund” ýaly toparlara tälim beren 44 ýaşly tälimçi parižliler bilen 2020-nji ýyla çenli ylalaşyk gazandy.

Ýene degişli makalalar

Ýewropa ligasynyň ýeňijisi “Çelsi”
120-nji möwsüme badalga berler
Transfer täzelikleri
Emeri meşhur tälimçilerden öňe saýlandy
IŇLIS KLUBLARY ÇÄRÝEK FINALYŇ BOSAGASYNDA
“Al Nassr” “Mançester Sitiniň” goragçysyny transfer etdi