Ýewropa ligasynyň ýeňijisi “Çelsi”

UEFA-nyň 2-nji kubogy bolan Ýewropa ligasynyň 2018/2019 möwsümi “Çelsiniň” çempionlygy bilen tamamlandy. “Çelsi” topary Azerbaýjanyň paýtagty Bakudaky Olimpiýa stadionynda oýnalan finalda şäherdeşi “Arsenal” bilen duşuşdy. Italiýaly Janluka Rokkiniň eminlik eden oýnuna 51370 janköýer gatnaşdy.

Birinji ýarymyň ýarym sagadynda Ýewropa ligasyny ozal 3 gezek gazanan Unaý Emeriniň tälimçiligindäki “Arsenal” şowly oýun görkezdi. 1-nji ýarymyň soňky 15 minutynda oýnuň jylawyny ele alan “Çelsi” Žiru, Pedro, Hazard ýaly oýunçylary bilen birnäçe amatly pursatlar döretdi.

Netijede, 1-nji ýarymda hasap açylmady. 2-nji ýarymda-da Londonyň merkezinde ýerleşýän topar şäheriň demirgazygyndakylara garanyňda, şowly oýnuny dowam etdirdi.Hüjümlerini kem-kemden artdyran “Çelsi” 49-njy minutda hasaby açdy.

Emersonyň pasyndan soň, kelle urgusy bilen Oliwie Žiru öňki toparyny gynandyryp, meýdançadaky gök reňkli köýnekçelileri begendirdi. “Arsenal” bu gola jogap berip ýetişmänkä, 60-njy minutda Pedro Rodriges hasaby 2-0-a çykardy.

Bu gezek goluň pasyny Hazard berdi. 5 minutdan soň, eminiň bellän penaltisini dürs uran Edin Hazard “Arsenaly” has-da çykgynsyz ýagdaýa saldy.Emeri 66-njy minutda 2 oýunçy çalşyrdy. Şolaryň biri Aleks Iwobi bolup, ol 3 minutdan soň, owadan gol bilen “Arsenaly” az-owlak umytlandyrdy.

Emma 3 minutdan soň, has takygy, 72-nji minutda ýene-de Edin Hazard tapawutlanyp, oýna soňky nokady goýdy. “Arsenalyň” galan 20 minutda eden hüjümleri netije bermedi. Şunlukda, “Çelsi” 2013-nji ýyldan soň, Ýewropa ligasynyň kubogyny 2-nji gezek asmana göterdi. “Çelsi” UEFA Ýewropa ligasynda ýeňlişsiz çempionlyk gazanan ilkinji topar boldy. “Arsenal” bolsa, 19 ýyldan soň, ýene-de şu ýaryşyň finalynda utuldy.

Umumylykda “Arsenal” UEFA-nyň ýaryşlarynda 5-nji gezek aýgytlaýjy duşuşykda ýeňiş gazanyp bilmedi. “Arsenal” geljek möwsümde-de Ýewropa ligasynda çykyş eder.* Bu çempionlyk tälimçi Maurizio Sarriniň karýerasyndaky ilkinji kubok bolup, ol Ýewropa ligasynda ýeňiş gazanan iň ýaşuly tälimçi adyny eýeledi.* Oýunda toparynyň 2-nji goluny geçiren ispaniýaly Pedro hem Çempionlar ligasynyň hem-de Ýewropa ligasynyň finalynda tapawutlanan 5-nji futbolçy boldy.* Pedro 6 halkara ýaryşda (Dünýä we Ýewropa çempionatlary, Çempionlar we Ýewropa ligalary, FIFA Klublar Dünýä çempionaty hem-de UEFA Super kubogynda) ýeňiji bolan ilkinji futbolçy diýen ady hem eýeledi.* “Çelsi” topary UEFA-nyň 2-nji bäsleşiginde kubogy 2 sapar alan 13-nji topardyr.

Finalda 1 gezek tapawutlanan Oliwie Žiru möwsümi 11 gol bilen tamamlap, ýaryşyň iň netijeli oýunçysy boldy.

Ýene degişli makalalar

Fransiýanyň esasy iki ýyldyzynyň biri şikesi sebäpli düzümden çykaryldy
“Milan” PSŽ-ni ýyldyzlarynyň gollary bilen ýeňdi
Marokkolylary fransuzlar duruzdy
7-nji gezek çärýek finaldan gaýtdy, çempion ýarym finalda
Çempion galan ýerinden dowam edýär we Žirunyň rekordlary
Žiru Anriniň rekordyna golaýlady