Transfer täzelikleri

“ÝUWENTUS”.Italiýanyň “Ýuwentus” topary iňlis kluby “Liwerpulyň” germaniýaly ýarymgoragçysy Emre Jany tölegsiz hataryna goşdy. “Liwerpul” bilen şertnamasy tamamlanan 24 ýaşyndaky oýunçy turinliler bilen 4 ýyllyk ylalaşyk gazandy. Şeýle-de super ýyldyz Kristiano Ronaldony-da düzümine goşan “Ýuwentus” topary “Walensiýanyň” portugaliýaly sag gyraky goragçysy Žoao Kanselony hem transfer etdi.

Bu transfer üçin ispan toparyna 40 million ýewro beren “Ýuwentus” 24 ýaşly oýunçy bilenem 5 ýyllyk şertnama gol çekişdi. “Serie A-nyň” soňky 7 ýylynyň çempiony tomsuň ilkinji günlerinde-de “Jenoadan” 25 ýaşly italýan derwezeçisi Mattia Perrini 12+3 million ýewro transfer edipdi. “Ýuwentus” topary geçen möwsüm düzüminde kärendesine oýnan braziliýaly Duglas Kostany-da “Bawariýa” 40 million ýewro töläp, ymykly öz hataryna goşdy.

“INTER”. “Serie A-nyň” başga bir kluby “Inter” hem boş duranok. “Nerazzurriler” “Romanyň” belgiýaly ýarymgoragçysy Radža Nainggolany 38 million ýewro transfer etdiler. Şol birwagtyň özünde-de “Inter” bu transferiň çäklerinde Dawid Santon bilen Nikola Zaniolony hem paýtagtlylara ugratdy.

Milan şäheriniň wekili “Inter” paýtagtyň beýleki topary “Lasionyň” gollandiýaly goragçysy, 26 ýaşly Stefen De Wriji hem 5 ýyllyk şertnama bilen hataryna goşdy. “Inter” çempion “Ýuwentusdanam” ganaly 29 ýaşyndaky çep gyraky goragçy Kwadwo Asamoahy hem transfer etdi. “Inter” ozalky klublary bilen şertnamasy tamamlanan 2 oýunçy üçinem hiç hili çykdajy etmedi. “Sassuoladan” 24 ýaşly italýan hüjümçisi Matteo Politano (5 mln. €) bilen “Rasingiň” 23 ýaşly argentinaly hüjümçisi Lauaro Martines (23 mln. €) hem “Interiň” transfer eden beýleki oýunçylarydyr.

“ROMA”.Transfer möwsüminiň başga bir hereketli italýan topary-da “Roma” bolup, paýtagtlylar hem düzümini güýçlendirmegini dowam etdirýär. Çempionlar ligasynyň ýarym finalçysy “Roma” Fransiýanyň PSŽ toparyndan argentinaly Hawier Pastoreni, Gollandiýanyň “Aýaks” klubundan Jastin Kluiwerti transfer eti. 29 ýaşly Pastore üçin 24,7 million, 19 ýaşly Kluiwert üçinem 17,25 million ýewro tölän rimliler olaryň ikisi bilen hem uzak möhletleýin şertnama gol çekişdi. Şeýle-de “Roma” topary “Kopengageniň” şwesiýaly derwezeçisi Robin Olseni (12 mln. €), “Bolonýadan” italiýaly derwezeçi Antonio Miranteni (4 mln. €), “Atalantadan” italiýaly ýarymgoragçy Braýan Kristanteni (15+10 mln. €) öz hataryna goşdy.

“NAPOLI”.Geçen möwsümi çempionlygy soňky tapgyrlarda elden gideren “Napoli” topary “Bolonýadan” 25 ýaşly italýan hüjümçisi Simone Werdini 25 million ýewro, “Betisdenem” 22 ýaşly ispan ýarymgoragçysy Fabian Ruizi 30 million ýewro transfer etdi.

Iki oýunçy-da täze kluby bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy.Karlo Ançelottini tälimçilige bellän “Napoli” ýurduň başga bir topary “Udinezeden” 21 ýaşly italýan derwezeçisi Aleks Meredi hem düzümine goşdy.

BEÝLEKILER. “Serie A-da” “Milan” “Napoliden” derwezeçi Pepe Reinany, “Sampdoriadan” horwatiýaly goragçy Iwan Striniçi, “Hamburgdan” horwatiýaly hüjümçi Alen Halilowiçi, “Lasio” “Sassuolodan” Françesko Aserbini (10 mln. €), “Red Bull Salsburgdanam” kosowoly Walon Berişany (7,5 mln. €), “Sampdoria” topary “Napoliden” kolumbiýaly hüjümçi Duwan Zapatany (17 mln. €) transfer etdi.

“REAL MADRID”.Super ýyldyzy Kristiano Ronaldony elinden gideren “Real Madrid” topary “Real Sosiedaddan” 22 ýaşly goragçy Alwaro Odriozolany 30 million ýewro baha 6 ýyllyk şertnama bilen hataryna goşdy. “Zorýa Lugansk” toparynyň 19 ýaşly ukrain derwezeçisi Andreý Lunini (8,5 mln. €) hem-de “Aýntrahtdan” ispaniýaly ýarymgoragçy Omar Maskareli (4 mln. €) transfer etdi. Şeýle-de “Flamengo” toparynyň 18 ýaşly hüjümçisi Winisius Junior hem madridlileriň hataryna goşuldy. “Real Madrid” braziliýaly oýunçy bilen geçen ýylyň maýynda şertnama baglaşypdy. Şonda 2023-nji ýyla çenli şertnama gol çeken oýunçynyň transfer bahasy-da 45 million ýewro diýlip kesgitlenilipdi.

“BARSELONA”. “La Liganyň” soňky çempiony “Barselona” topary-da düzümini 3 oýunçy bilen güýçlendirdi.Katalonlar “Gremiodan” braziliýaly 21 ýaşyndaky ýarymgoragçy Arturo Melony, “Sewilýadanam” 23 ýaşly fransuz goragçysy Kleman Langleni 6 ýyllyk şertnama bilen transfer etdi.

Melo üçin 31+9 million, Langle üçinem 36 million ýewro tölän klub Fransiýanyň “Bordo” toparynyň 21 ýaşyndaky brazil hüjümçisi Malkolmy-da satyn aldy.Malkolmyň transferi üçin fransuz toparyna 41 million ýewro beren klub oýunçy bilenem 5 ýyla niýetlenen geleşik baglaşdy.

“ATLETIKO”.Madrid şäheriniň beýleki kluby, çempionlygyň 3-nji dalaşgäri “Atletiko” topary Fransiýanyň “Monako” toparyndan 22 ýaşly Tomas Lemary transfer etdi.Bu transferiň bahasy 60 million ýewro möçberinde bolup, madridliler onuň bilen uzak möhletleýin ylalaşyk gazandy.

Diego Simeoneniň tälimçiligindäki “Atletiko” ýurduň başga topary “Wilýarrealdanam” ispan ýarymgoragçysy Rodrini-de 20 million ýewro transfer etdi. 22 ýaşly oýunçy 2023-nji ýyla çenli bu klubda oýnar. “Atletiko” topary 3 gün mundan öňem “Sportingden” portugaliýaly hüjümçi Gelson Martinsi transfer edendigini habar berdi. “Sporting” bilen şertnamasyny ýatyran 23 ýaşly Martins täze klubunda 2023-nji ýyla çenli çykyş eder.

Transfer bazaryndaky gymmaty 35 million ýewro deň bolan oýunçynyň tölegsiz alynmagy toparyň janköýerlerini begendirdi.

BEÝLEKILER.“La Liganyň” beýleki toparlaryndan “Walensiýa” “Seltadan” daniýaly ýarymgoragçy Daniel Wassy (6 mln. €), “Liondan” fransiýaly 21 ýaşyndaky goragçy Muktar Diakhabini (25 mln. €), “Sportingden” 25 ýaşyndaky italiýaly goragçy Kristiano Piççinini (8 mln. €) transfer etdi. “Betis” kluby-da “Eibardan” Dünýä Kubogynda şowly oýun görkezen ýaponiýaly hüjümçi Takaşi Iniuny tölegsiz hataryna goşdy. 30 ýaşly oýunçy 3 ýyllyk şertnama baglaşdy.

“LIWERPUL”.Angliýanyň “Liwerpul” topary Germaniýanyň “Leipsig” klubundan gwineýaly ýarymgoragçy Nabi Keitany 72 million ýewro transfer etdi. 23 ýaşly oýunçy 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Liwerpul” topary “Romanyň” braziliýaly derwezeçisi Allison Bekeri hem 72,5 million ýewro töläp, uzak möhletleýin şertnama bilen düzümine goşdy.

Bu futbolyň taryhynda derwezeçä tölenen iň ýokary mukdar bolup, Allison italiýaly derwezeçi Janluiji Buffonyň 17 ýyllyk rekordyny täzeledi. “Liwerpul” topary aşaky liga düşen “Stok Sitiniň” şweýsariýaly ýarymgoragçysy Herdan Şakiri bilenem 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. 26 ýaşly oýunçynyň transfer bahasy 13,5 million funt sterling diýlip kesgitlenildi.

Transfer möwsüminiň iň köp çykdajy eden 23 klubunyň biri bolan “Liwerpul” Fransiýanyň “Monako” toparyndanam 24 ýaşyndaky braziliýaly ýarymgoragçy Fabiniony-da 43 million funt sterlinge satyn aldy.Fabinio hem uzak möhletleýin şertnam gol çekdi.

“ARSENAL”.Arsen Wengerden soň, ispaniýaly Unaý Emerini tälimçilige bellän Londonyň “Arsenaly-da” transfer möwsümiň hereketli klublaryndan.Topçular “Ýuwentusdan” şertnamasy tamamlanan şweýsariýaly goragçy, 34 ýaşly Stefan Lihtşteýneri, “Baýerden” germaniýaly 26 ýaşyndaky derwezeçi Bernd Letony (22,5 mln.

funt) 5 ýyllyk şertnama bilen, Dortmundyň “Borussiýasyndan” gresiýaly 30 ýaşly goragçy Sokratis Papastatapulosy (17,6 mln.funt) “Sampdorianyň” 22 ýaşyndaky urugwaýly ýarymgoragçysy Lukas Torreirany (26,4 mln.funt), Lorienden fransiýaly 19 ýaşyndaky ýarymgoragçy Matteo Genduzini (7 mln.

funt) transfer etdi.

“ÇELSI”.Londonyň beýleki ýakasynyň kluby “Çelsi” häzirlikçe transferde o diýen hereketli däl.Antonio Konteniň ornuna “Napoliniň” ozalky tälimçisi, 59 ýaşly Maurizio Sarrini 3 ýyllyk möhlet bilen wezipä belledi.

Italiýaly tälimçi-de “Napoliden” öz şägirdi, 26 ýaşly Jorjiniony transfer etdi. 57 million funt sterlinge “Çelsä” geçen asly brazil italiýaly ýarymgoragçy 5 ýyllyk şertnama gol çekdi. Ýeri gelende aýtsak, öňümizdäki günlerde “Çelsiniň” käbir ýyldyzlary “Real Madride” transfer bolup biler.

“M.SITI” WE “M. ÝUNAÝTED”. “Premier liganyň” soňky çempiony “Mançester Siti” topary “Lester Sitiniň” alžirli ýyldyzy Riýad Mahrezi 60 million funt sterlinge transfer etdi.Bu klubuň taryhyndaky iň gymmat transfer bolup, 26 ýaşly ýarymgoragçy 5 ýyllyk şertnama gol çekdi. “Lester Siti” Mahrezi 2014-nji ýylda “Le Hawrden” 400 müň funt sterlinge satyn alypdy.Mançester şäheriniň beýleki topary “Ýunaýted” hem transferde öňe saýlanyp baranok.

Toparyň tälimçisi Žoze Mourinio bu ýagdaýa öz nägileligini bildirse-de, klub häzirki güne çenli diňe “Şahtýordan” braziliýaly ýarymgoragçy Fredi 52 million funt sterlinge aldy. 25 ýaşly Fred uzak möhletleýin şertnama baglaşdy.

Ýene degişli makalalar

Şu gije “Premier Liganyň”, “La Liganyň”, “Ligue 1”-iň täze möwsümi başlaýar
Ýyldyzlaryň täze mesgeni “Saudi Pro Liga” (habar-seljeriş)
120-nji möwsüme badalga berler
Ertir “La Liganyň” 90-njy möwsümine badalga berler
Dünýä Kubogyna öýlerinde tomaşa etjek ýyldyzlar
IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi