Ertir “La Liganyň” 90-njy möwsümine badalga berler

Ispaniýanyň “La Ligasy” täze möwsümiň öňüsyrasynda Messiniň gidip-gitmejekdigi barada galagoply wakalary başdan geçirdi.Häzirlikçe onuň toparda galmagy “La Liganyň” janköýerlerini az-owlak ynjaltdy.Geçen möwsümde “Barselonanyň” yzygiderli goýberen ýalňyşlyklaryndan ýerlikli peýdalanan “Real Madrid” 36-njy çempionlygyny baýram edipdi. Şübhesiz täze möwsümde-de çempionlygyň 2 sany esasy dalaşgäri bolup, olar adatça bolşy ýaly “Real Madrid” bilen “Barselona” toparlarydyr.

Ýyldyz futbolçydan güýçli tälimçi bolmaz diýen köne ýörelgäni ýykan Zinedin Zidanyň ýolbaşçylygyndaky “Real Madrid” kluby toparyň kapitany Serhio Ramos we ýoldaşlaryna uly ynam bildirýär. Topar transfer möwsüminiň “sessiz” klublarynyň biri bolup, häzirki wagtda ady agzalýan oýunçy-da ýok.

14 ýyldan soň bir möwsümi kuboksyz tamamlan “Barselona” üçin 2020-nji ýylyň tomsy ýatdan çykmajak pasyl boldy. Ýöne tizden-tiz bu döwri unudyp, täze başlangyçlara gadam basmagy maksat edinýän klub ozalky oýunçylaryndan Ronald Kumanyň tälimçiliginde nobatdaky möwsüme badalga alar.

Messini häzirlikçe toparda alyp galmagy başaran klub “Ýuwentusdan” Miralem Pýaniçi transfer etdi.Artury topardan ugradan klubuň hüjümçi Luis Suaresi hem iberip, transfer möwsüminiň soňuna çenli 2-3 futbolçy bilen şertnama baglaşmagyna garaşylýar.

Belki-de bu möwsüm Lionel Messiniň “Barselonadaky” soňky möwsümi bolup, ýyldyz futbolçy we ýoldaşlary çempionlyk gazanmak üçin bar güýjüni aýaman göreş alyp barar.

Soňky 20 ýylda “Real Madrid” bilen “Barselonanyň” çempionlyklarynyň yzygiderliligini bölmegi başaran 2 toparyň biri “Atletiko Madrid” argentinaly Diego Simeoneniň tälimçiliginde 10-njy möwsümini geçirer.Gorag futboly bilen meşhurlyk gazanan tälimçiniň topary ýene-de 3-nji ýer ugrunda göreşer.

Bu ugurda “Atletiko Madride” Ýewropa ligasynyň kubogyny gazanan “Sewilýa”, şeýle-de “Walensiýa”, Unaý Emerini wezipä bellän “Wilýarreal” klublary Çempionlar ligasyna gatnaşmaga ygtyýar berýän 3-4-nji orunlar üçin esasy dalaşgär toparlardyr.

Ispan klublary iňlislere garanyňda, edil italýanlar ýaly ýerli tälimçilere has uly ynam bildirýär. Häzirki wagtda “La Ligadaky” 20 toparyň 15-sine ispan tälimçileri tälim berýär. Galan 5 tälimçiniň 2-si Argentina wekilçilik etse, Fransiýadyr Niderlandlardan hem-de Çiliden 1 hünärmen ispan klublaryna tälimçilik eder.

“La Ligada” “Barselona” şäheri derbisiz galyp, “Espanýol” 26 ýyldan soň, täze möwsümi aşaky ligada geçirer. “Malýorkadyr” “Granada” toparlary-da “La Liga” bilen hoşlaşan beýleki klublar bolupdy.Olaryň ornuna “Kadiz” 14 ýyldan soň, “La Liga” dolandy. Şeýle-de “Hueska” 1, “Elçe” bolsa 5 ýyllyk arakesmeden soň, “La Ligada” çykyş etmäge hukuk gazanypdylar.

Olaryň täze möwsümde “La Ligada” galmak üçin göreş alyp barmagyna garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

IFFHS: Simeone — onýyllygyň iň gowy tälimçisi
Transfer täzelikleri
“Atletikonyň” 11-nji çempionlygy, “Real” 11 ýyldan soň kuboksyz
“Arsenal” 6 ýyldan soň 6 gol bilen 1/8 finala çykdy
“Al Nassr” “Mançester Sitiniň” goragçysyny transfer etdi
PSŽ bir ädim öňde